

Aşgabatdaky diplomatik hepde GDA-nyň Hökümet Baştutanlaryny bir ýere jemlär
Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklyk etmeginiň çäginde Aşgabatda geçiriljek möhüm integrasion duşuşyklaryň giň gerimli maksatnamasyny taýýarlaýar


Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklyk etmeginiň çäginde Aşgabatda geçiriljek möhüm integrasion duşuşyklaryň giň gerimli maksatnamasyny taýýarlaýar


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy taryhy däpleriň we innowasion ösüşiň döwrebap ugurlarynyň aýrylmaz baglanyşygyny alamatlandyrýan birnäçe wakalar bilen tapawutlandy


Türkmenistanyň wekiliýeti Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy


«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremlinde Tatarystanyň Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy


Wengriýada Wiktor Orbanyň köp ýyllap dowam eden eýýamy tamamlandy. Täzelenen parlamentiň ilkinji mejlisinde “Tisa” partiýasynyň lideri, 45 ýaşly Peter Madýar ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlandy


Aşgabatda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň energetika ägirdi bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan dabaraly agşam geçirildi


Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda, duşenbe güni Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikanyň ýolbaşçylygyndaky hem-de «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň wekillerin kabul etdi


Migrasiýa boýunça halkara guramasy (MHG) Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň yzygiderli ynsanperwer syýasatyna ýokary baha berýändigini beýan etdi


Türkmenistanyň wekiliýeti atçylyk sportunyň giň gerimli halkara çärelerine gatnaşmak üçin Özbegistanda saparda boldylar. Atçylyk pudagynyň hünärmenlerini, alymlary, medeniýet işgärlerini we žurnalistleri birleşdiren bu sapar iki doganlyk halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi


Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kamboja Patyşalygyna netijeli iş saparyny amala aşyrdy. 8-9-njy maýda Pnompende hökümet we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi


Aşgabatda Hindistanyň esasy akyldar, ynsanperwer şahyrlarynyň biri bolan Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 165 ýyllygy bellenildi. Bu çäre 2026-njy ýylyň 7-nji maýynda, Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyndaky Rabindranat Tagoryň heýkeliniň ýanynda geçirildi


8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy. Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda doly gurlan bu gämi, milli deňiz pudagynyň ösüşinde we Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemeginde täze bir sahypany açýar


8-nji maýda Kamboja Patyşalygynyň paýtagtynda Türkmenistanyň we Kambojanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi


7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi


4-nji Ýewropa kino festiwalynyň çäklerinde geçiriljek Flow animasiýa filminiň görkezilişiniň öňüsyrasynda, Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň Wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda onlaýn bäsleşigiň başlanýandygyny yglan edýär