

Türkmenistan uglewodorod önümçiliginiň ekologiki ugry boýunça foruma hünärmenleri çagyrýar
Türkmenistanda «Uglewodorod baýlyklaryny öndürmegiň ekologiki ugurlary» atly halkara ylmy konferensiýa taýýarlyk işleri başlandy. Simpoziumy çagyrmak iýun aýynyň ortalarynda meýilleşdirilýär, emma häzirlikçe forumyň gün tertibi işlenip düzülýär hem-de tanyşdyryş teklipleri kabul edilýär.
















