logo

Ykdysadyýet

GS1 Türkmenistan halkara GS1 guramasyna agza bolmagynyň 10 ýyllygyny bellediGS1 Türkmenistan halkara GS1 guramasyna agza bolmagynyň 10 ýyllygyny belledi
YkdysadyýetTürkmenistanyň Habarlary

GS1 Türkmenistan halkara GS1 guramasyna agza bolmagynyň 10 ýyllygyny belledi

19-22-nji maý aralygynda Mumbaý şäherinde geçirilen GS1 Halkara guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda GS1 Türkmenistan milli guramasynyñ identifikasiýa üçin global standartlary we çözgütleri işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlarynda maglumat ýygnamak we alyş-çalyş etmek bilen meşgullanýan bu abraýly guramasyna agza bolmagynyñ 10 ýyllygy dabaraly bellenildi

“Turkmentextile Expo”: Aşgabat dokma senagaty bilermenleriniň üns merkezine öwrüler“Turkmentextile Expo”: Aşgabat dokma senagaty bilermenleriniň üns merkezine öwrüler
YkdysadyýetTürkmenistanyň Habarlary

“Turkmentextile Expo”: Aşgabat dokma senagaty bilermenleriniň üns merkezine öwrüler

Türkmenistanyň paýtagtynda 11-13-nji iýun aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu sergi dünýäniň dürli künjeklerinden öňdebaryjy bilermenleri we dokma senagatynyň wekillerini bir ýere jemlär diýlip garaşylýar. Bu möhüm waka taýýarlyk işleri barada 23-nji maýda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi

KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdyKazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy
Ykdysadyýet

KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy

Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçirilen KazanForum-2025 Russiýanyň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin netijeli platforma hökmünde uly islegden peýdalanýandygyny we halkara gyzyklanmanyň artýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Şu ýyl Forumyň çärelerine dünýäniň 96 ýurdundan we Russiýanyň 82 sebitinden wekiller gatnaşdy, işewürlik maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň sany 8,5 müň adam boldy

Merkezi Aziýa bilen Hytaý gümrük hyzmatdaşlygyny üç täze ylalaşyk bilen berkidýärMerkezi Aziýa bilen Hytaý gümrük hyzmatdaşlygyny üç täze ylalaşyk bilen berkidýär
YkdysadyýetTürkmenistanyň Habarlary

Merkezi Aziýa bilen Hytaý gümrük hyzmatdaşlygyny üç täze ylalaşyk bilen berkidýär

Almatyda Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri komiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahaty üstünlikli tamamlandy. Foruma Gazagystanyñ, Hytaýyñ, Gyrgyz Respublikasynyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy

Ynanyşmak ykdysadyýeti: Işewürlik we banklar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda köprüleri gurýarYnanyşmak ykdysadyýeti: Işewürlik we banklar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda köprüleri gurýar
YkdysadyýetTürkmenistanyň Habarlary

Ynanyşmak ykdysadyýeti: Işewürlik we banklar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda köprüleri gurýar

Diplomatik we strategiki çekişmelere baý bolan birinji sessiýadan soň Termez Dialogy ykdysady arabaglanyşygyň esasy meselelerine geçdi. Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylaryny, hususy pudagyň we sebitiň maliýe guramalarynyň wekillerini birleşdiren ikinji sessiýa, gatnaşyklary berkitmekde we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde işewürligiň esasy ornuny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy