

Türkmen wekiliýeti «BelAgro–2026» sergisine gatnaşmak üçin Minsk şäherine barar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Belarusyň DIM-niň habaryna görä, taraplar GDA-nyň iň iri agrar forumlarynyň biri bolan «BelAgro–2026» sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyny jikme-jik meýilleşdirdiler
















