logo

Medeniýet

Moskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildiMoskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildi
MedeniýetTürkmenistanyň Habarlary

Moskwada «Dutaryň owazy» VII festiwalyny garşylap» atly konsert geçirildi

Bu – Moskwada nobatdaky Nury Halmamedow adyndaky «Dutaryň owazy» Halkara sungat festiwalynyň açylşynyň öňüsyrasynda, geçen forumlaryň ýeňijileriniň gatnaşmagynda ajaýyp klassiki sazyň konsertini geçirmek däbidir. Ýaş sazandalar, festiwalyň köp sanly muşdaklarynyň gözüniň öňünde ulalýarlar, olaryň repertuary çuňlaşýar, ýerine ýetirijilik ussatlygy ösýär. Duşuşyk ýeri – öň Dolgorukowlaryň maşgalasyna degişli bolan, XVIII asyryň dikeldilen mülküniň öňki öý buthanasynda ýerleşýän Zubra Sereteli sungat galereýasynyň kiçi konsert zalynda üýtgewsiz galýar.

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildiAzerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi
Medeniýet

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi

Azerbaýjanyň Şuşa şäheri 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde duşenbe güni Yslam dünýäsiniň medeniýet ministrleriniň 12-nji konferensiýasynda status almak üçin kandidaturany Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli hödürledi. Ol Şuşany ISESCO "Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty" maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde teklip etdi. Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasyna görä, foruma gatnaşyjylar azerbaýjan tarapynyň başlangyjyny biragyzdan goldadylar.

Türkmen suratkeşleriniň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda çap edilerTürkmen suratkeşleriniň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda çap ediler
MedeniýetTürkmenistanyň Habarlary

Türkmen suratkeşleriniň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda çap ediler

Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň Azerbaýjanyň Şuşa şäherine bagyşlap çeken suratlary ýörite katalogda neşir ediler. TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde şu ýyl 23-nji gezek guralan we 10 – 20-nji sentýabr aralygynda dowam eden döredijilik syýahatyna türki döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň suratkeşleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistan Bişkekde geçiriljek “ART-ORDO - 2023” IX teatr festiwalyna gatnaşarTürkmenistan Bişkekde geçiriljek “ART-ORDO - 2023” IX teatr festiwalyna gatnaşar
MedeniýetTürkmenistanyň Habarlary

Türkmenistan Bişkekde geçiriljek “ART-ORDO - 2023” IX teatr festiwalyna gatnaşar

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň berýän habaryna görä, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan, Özbegistan we Türkiýe teatrlary “ART-ORDO - 2023” IX halkara teatr festiwalyna gatnaşarlar. Festiwal Gyrgyzystanyň Teatr işleri bileleşigi bilen bilelikde “TÜRKSOÝ” Halkara türk medeniýeti guramasynyň goldawy bilen forumy gurnaýar.