logo

Medeniýet

Kiýewde Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildiKiýewde Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi
MedeniýetÇärelerTürkmenistanyň Habarlary

Kiýewde Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň milli senenamasynda orun alan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Arkadag şäherinde muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça maslahat geçirildiArkadag şäherinde muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça maslahat geçirildi
MedeniýetÇärelerTürkmenistanyň Habarlary

Arkadag şäherinde muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça maslahat geçirildi

Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly maslahat şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky taryhy tapyndylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.

Kompozitor Rejep Rejepowyň  ýubleýinde: wagt bilen gürlemek we wagt bilen diňlemek zehiniKompozitor Rejep Rejepowyň  ýubleýinde: wagt bilen gürlemek we wagt bilen diňlemek zehini
MedeniýetTürkmenistanyň Habarlary

Kompozitor Rejep Rejepowyň ýubleýinde: wagt bilen gürlemek we wagt bilen diňlemek zehini

2024-nji ýylyň 23-nji iýunynda, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň we Ýaşlar baýragynyň eýesi, SSSR-iň Kinematograflar Bileleşiginiň agzasy, SSSR Kompozitorlar Bileleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Kompozitorlar Bileleşiginiň başlygy, üçünji nesil türkmen kompozisiýa mekdebiniň iň ajaýyp wekillerinden biri, zehinli mugallym, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa kafedrasynyň dosenti, görnükli türkmen kompozitory Rejep Jumaýewiç Rejepowyň doglan gününiň 80 ýyllygy bellenildi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde bellenilişi - «Ukraine Business Review» gazetiniň sanyndaMagtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde bellenilişi - «Ukraine Business Review» gazetiniň sanynda
MedeniýetTürkmenistanyň Habarlary

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde bellenilişi - «Ukraine Business Review» gazetiniň sanynda

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dowam etdirilýar. Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu mowzuga bagyşlanan makala Ukrainanyň maliýe-ykdysady hepdelik gazeti – «Ukraine Business Review» gazetiniň nobatdaky sanynda ýerleşdirildi

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetirilerArkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetiriler
MedeniýetTürkmenistanyň Habarlary

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetiriler

Anna güni Hökümetiň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndylary Arkadag şäheriniň taryh we ülkäni öwreniş muzeýine bermek baradaky teklibi beýan etdi.

Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen sergi geçirildiUkrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen sergi geçirildi
MedeniýetTürkmenistanyň Habarlary

Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen sergi geçirildi

2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.