

Türkmen wekiliýeti Dubaýda e-commerce boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy
Türkmenistandan wekiliýet «Merkezi Aziýada elektron täjirçiligiň mümkinçiliginden peýdalanmak» atly Dubaýda geçen sebitleýin maslahata gatnaşdy.


Türkmenistandan wekiliýet «Merkezi Aziýada elektron täjirçiligiň mümkinçiliginden peýdalanmak» atly Dubaýda geçen sebitleýin maslahata gatnaşdy.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary senagat önümçiliginiň öndürilişini 2008-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 82,2 esse artdyrdylar. TSTB-niň başlygy Döwran Hudaýberdiýew Birleşmäniň döredilmeginiň 15 ýyllyk ýubileýi mynasybetli «Rysgal» gazetine beren interwýusynda şunuň ýaly maglumatlary getirýär.


Paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda täze dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 46-syny gurarlar, olaryň 16-sy 68 öýli, 30 jaýyň hersinde bolsa 40 öý bolar. Şeýlelik bilen, ýaşaýyş jaý toplumynda 2,2 müňden gowrak täze öýler peýda bolar.


Türkmen-Tatarstan işewürlik forumy Aşgabatda indiki hepde, 15-nji martda geçiriler. Ikitaraplaýyn işewürlik ýygnagyna söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparynyň düzümine girýän döwlet edaralarynyň wekilleri, iki ýurduň dürli pudak edaralarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.


Türkmenistan we Germaniýa iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak üçin bilelikdäki işewürlik forumlaryny we sergileri geçirmegi meýilleşdirýärler.


Türkmen telekeçileri 15-nji aprelde Guançžou şäherinde açyljak 133-nji Hytaý import we eksport ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar. Ol Kanton ýarmarkasy hökmünde hem bellidir. Çäre 5-nji maýa çenli dowam eder we üç tapgyrda geçiriler.


Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistanda sanly marketingiň gurallarynyň kömegi arkaly internetde satuwa başlamaga we onuň gerimini artdyrmaga bagyşlanan sekiz günlük okuw gurady. Okuwyň açylyşy «Arçabil» myhmanhanasynda bolup geçdi.


2022-nji ýylda Türkmenistanyň hususy pudagyny karzlaşdyrmagyň möçberi 28,2% artdy, bu bolsa milli ykdysadyýetiň tizleşdirilen liberalaşmagyna we onuň bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerine we düzgünlerine laýykdygyna şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Gyrgyzystanyň DIM-niň we Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýa ministrliginiň wekilleri iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin ýeňillikli şertleri döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň baştutany Maksat Hudaýgulyýew özüniň eýran kärdeşi Razwani-Far bilen bilelikdäki serhet gözegçiligini ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Mehr news habar berýär.


Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» JGPJ Türkmenbaşy-Baku (Alýat)-Türkmenbaşy ugry boýunça awtoulagy geçirmekde 1-nji martdan başlap boljak täze arzanladyşlary yglan etdi.


Yslamabat Söwda-senagat Edarasy (ICCI) Merkezi Aziýa we Azerbaýjan ýurtlary bilen söwda we eksporty ösdürmek hyzmaty Gullugyny açdy.


Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekillerini şu ýyl Rumyniýada geçiriljek halkara sergilere gatnaşmaga çagyrýarlar – diýlip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


Bouygues Turkmen kompaniýasy özüniň Carbon Training Center okuw merkezinde Aşgabatda çagalar üçin ekologik aksiýalary yzygiderli geçirmegi niýet edinýär – diýip, kompaniýanyň wekilleri ORIENT-e gürrüň berdiler.


Daşoguzly telekeçi, «Laçyn» toý zalynyň eýesi Mergen Allanazarow ene-atasyz galan ýaş adamlara toý dabaralary üçin 750 orunlyk zaly kärendesine bermek boýunça haýyr-sahawat aksiýasyny yglan etdi.