logo

Makalalar

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili - diplomatiýa, eglişik we duýgudaşlykdaky zenanlar hakdaTürkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili - diplomatiýa, eglişik we duýgudaşlykdaky zenanlar hakda
Redaktoryň pikiriJemgyýet

Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili - diplomatiýa, eglişik we duýgudaşlykdaky zenanlar hakda

1995-nji ýyldan bäri BMG-de hemişelik wekilçilik edýän zenanlaryň sany 7-den 38-e ýetdi. «Haýal, ýöne şeýle hem bolsa öňegidişlik henizem bar» diýip, BMG-de eýýäm 28 ýyl Türkmenistana wekilçilik eden we Nýu-Ýorkdaky Diplomatik korpusyň dekany bolan, adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Aksoltan Ataýewa aýdýar. BMG-nyň habarlar gullugy Aksoltan Toraýewna bilen 24-nji iýunda bellenilýän Zenanlaryň diplomatiýada Halkara güni mynasybetli geçirilen söhbetdeşligini çap etdi.

Özüne çekiji plener: Sungatdaky dialog halklary ýakynlaşdyrýarÖzüne çekiji plener: Sungatdaky dialog halklary ýakynlaşdyrýar
Medeniýet

Özüne çekiji plener: Sungatdaky dialog halklary ýakynlaşdyrýar

Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda amerikan suratkeşi bilen plener tehnikasynda işlän ýokary döredijilik mekdebiniň okuwçylarynyň sergisi açyldy. Bir hepdelik dowam eden seminarlar ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan durmuşa geçirilýän sungat alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde boldy. Sergi sungat işgärlerini, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärlerini, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny bir ýere jemledi.

Sürüjisiz ulaglar, robotlaşdyrylan el, eko-printerler: innowasion pikirleriň bäsleşiginde türkmen ýaşlary näme görkezýärSürüjisiz ulaglar, robotlaşdyrylan el, eko-printerler: innowasion pikirleriň bäsleşiginde türkmen ýaşlary näme görkezýär
Jemgyýet

Sürüjisiz ulaglar, robotlaşdyrylan el, eko-printerler: innowasion pikirleriň bäsleşiginde türkmen ýaşlary näme görkezýär

Innowasiýa dünýä ykdysadyýetinde barha has möhüm we täsirli faktor bolup barýar. Tehnologiýalaryň ylmy-tehniki ösüşiň döwrebap derejesi dürli ýurtlarda innowasion ykdysadyýete geçişi kesgitleýär. Şeýle ýoldan üstünlikli hereket etmek üçin ylmy mümkinçiligi dolandyrmagyň netijeli we ynamly mehanizmi bolmalydyr.

Merkezi Aziýanyň Kubogy: Täjigistanyň ýygyndysy Türkmenistanyň toparyndan utulman saklanmagy başardyMerkezi Aziýanyň Kubogy: Täjigistanyň ýygyndysy Türkmenistanyň toparyndan utulman saklanmagy başardy
Sport

Merkezi Aziýanyň Kubogy: Täjigistanyň ýygyndysy Türkmenistanyň toparyndan utulman saklanmagy başardy

Özbegistanda we Gyrgyzystanda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň “CAFA Nations Cup-2023” futbol Çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji aýlawynyň oýunlary geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndysy özüniň ilkinji duuşygyny Täjigistanyň futbol toparyna garşy geçirdi. Daşkent şäherinde geçirilen oýun deňme-deň, 1:1 hasabynda tamamlandy.

Saz barada söhbetdeşlik: Balkanabatda kompozitor Suhan Tuýliýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildiSaz barada söhbetdeşlik: Balkanabatda kompozitor Suhan Tuýliýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi
Medeniýet

Saz barada söhbetdeşlik: Balkanabatda kompozitor Suhan Tuýliýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Her ýyl Döwlet synag toparynyň başlyklary – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary, kompozitorlary we mugallymlary ýöriteleşdirilen sungat mekdeplerine döwlet synaglaryna gelýär. Bu ýyl Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, kompozitor we alym Suhan Tuýliýewiň Balkan welaýatyna baryşy birinji gezek däl. Geleninden üçünji gün, Balkanabat şäheriniň welaýat kitaphanasynda döwlet synaglarynyň çäginde ýerli ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň administrasiýasy tarapyndan kompozitor bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Italýan opera aýdymçysy türkmen aýdym-saz muşdaklaryna Juzeppe Werdiniň ajaýyp ariýalaryny sowgat etdiItalýan opera aýdymçysy türkmen aýdym-saz muşdaklaryna Juzeppe Werdiniň ajaýyp ariýalaryny sowgat etdi
Medeniýet

Italýan opera aýdymçysy türkmen aýdym-saz muşdaklaryna Juzeppe Werdiniň ajaýyp ariýalaryny sowgat etdi

Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda beýik Juzeppe Werdiniň opera sazy ýaňlandy. Konsert 3-nji iýunda Italiýanyň opera aýdymçysy Mariýa Pia Pişitelliniň we Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda geçirildi. Agşam meşhur italýan kompozitory Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygyna bagyşlandy.