Şenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog-konferensiýasy geçirildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlanan forum iki ýurduň wekillerini Özbek meýdançasynda ýygnady diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämedow, ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň Milli Toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmen Medeniýet Merkeziniň ýolbaşçylary, Türkmen ýokary bilim edaralarynyň mugallymlary we talyplary, Buhara welaýatynyň çäginde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem žurnalistler gatnaşdy.
Maslahata gatnaşanlaryň arasynda Buhara welaýatynyň häkimi Botir Zaripow hem bardy. Ol öz çykyşynda, iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde özara dostluga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä ýetendigini belledi.
Duşuşyga gatnaşyjylar şahyryň we sözüniň ussady Magtymgulynyň ýokary ynsanperwer däplere esaslanýan döredijilik mirasynyň türk dilli halklaryň bahasyna ýetip bolmajak edebi baýlygydygyny we dünýä tarapyndan ykrar edilendigini aýtdylar. Şeýle-de wekiller türkmen şahyrynyň döredijiligi barada häzirki zaman ylmy gözlegleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň çäginde gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gogeldaş medresesine, Buharadaky «Köne şäher» ýadygärlik toplumyna baryp gördüler, şeýle hem, onuň ýaşaýan we okan ýerleri bilen tanyşdylar.
ORIENT news
