Wenanyň weterinariýa lukmançylygy uniwersitetiniň alymlary iri öý haýwanlarynyň aň-bilim mümkinçilikleri boýunça garaşylmadyk açyş etdiler. Olar sygyrlaryň daş-töweregindäki zatlary gurallar hökmünde oýlanyşykly peýdalanyp bilýändigini subut etdiler.
Barlag Ýewropaly bir daýhanyň öz sygyrynyň geň hereketini görmegi bilen başlandy: sygyr agylda galdyrylan gaty çotgaly şwabry öz arkasy bilen ýelinini rahat gaşamak üçin uýgunlaşdyrypdyr.
Çagyrylan zoologlar birnäçe gözegçilikli synaglary geçirip, haýwanlaryň edýän hereketleriniň tötänleýin däldigini, eýsem belli bir gündelik meseläni çözmek üçin maksada gönükdirilen we çylşyrymly häsiýete eýedigini anykladylar.
Ozallar daşarky zatlary zähmet gurallary hökmünde oýlanyşykly ulanmak ukyby diňe ýokary derejeli maýmynlara, pillere, delfinlere we guşlaryň käbir görnüşlerine mahsus hasaplanylýardy.
Bu açyş etologlaryň (haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwrenýän hünärmenleriň) iri şahly mallaryň akyl-paýhasy baradaky düşünjesini düýpgöter üýtgedýär. Ol sygyrlaryň giňişlik pikirlenmesiniň ýokary derejesini hem-de daşky gurşawy öz zerurlyklaryna görä uýgunlaşdyrmak başarnygyny görkezýär.
