Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanyp, Aşgabadyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen «Ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat sebitiň howa syýasatynyň täze gurallaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Forum gatnaşyjylara bilelikdäki işleriň aralyk netijelerini jemlemäge mümkinçilik berdi.
Maslahata ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de BMG-niň Türkmenistandaky institutlarynyň (ÝUNISEF, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy) ýolbaşçylary gatnaşdylar. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa tehnologiýalary merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Onuň bellemegine görä, bu merkez sebitiň ýurtlarynyň tejribe alyşmagy üçin bitewi innowasion meýdança öwrüler.
ÝUNISEF-iň ýolbaşçysy Jalpa Ratna öz çykyşynda bilim ugruna ünsi çekip, ekologiýa dersleriňlniň Türkmenistanyň mekdep maksatnamalaryna üstünlikli ornaşdyrylandygyny belledi. Bu bolsa energiýa netijeliligi we galyndylary dolandyrmak ugurlarynda täze nesil hünärmenlerini ýaşlykdan taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Maslahatyň tematik mejlisleri bilermenleriň işini üç esasy ugur boýunça gurady. Birinji ugur howa kanunçylygyny we milli hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine bagyşlandy. Ikinji ugurda hünärmenler senagat önümçiligine serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Jemleýji bölüm bolsa doly derejede Aral sebitine bagyşlanyp, onda Aşgabat ýerli ekoulgamlary durnuklaşdyrmak we ekologiýa çökgünliginiň netijelerini ýeňilleşdirmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegi teklip etdi.
