Gruziýanyň Garaşsyzlyk gününiň öňisyrasynda, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabilwaşwili ORIENT habarlar agentligine eksklýuziw interwýu berdi. Giňişleýin söhbetdeşligiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Aşgabat bilen Tbilisiniň arasyndaky diplomatik we ykdysady işjeňligiň täze tapgyrynda söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada gürreň berdi. Şeýle hem ol Gruziýanyň deňiz portlarynyň türkmen işewürligi üçin milliardlyk bazarlara nähili strategik mümkinçilikleri açýandygy we iki doganlyk halky ruhy taýdan nähili «görünmez sapagyň» baglanyşdyrýandygy barada durup geçdi.
– Jenap ilçi, sizi hoş gördük. Biz bilen duşuşmaga wagt tapanyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris – biz muňa gaty ýokary baha berýäris. Siz eýýäm dördünji ýyl Aşgabatda Gruziýanyň bähbitlerine wekilçilik edýärsiňiz. Şol barada gürrüň beräýseňiz, baş üstüne.
– Ilki bilen, gyzyklanma bildireniňiz we Gruziýanyň ilçihanasynyň täze binasyna geleniňiz üçin sag bolun aýtýaryn. Sizi ýurtlarymyzyň arasyndaky ösýän gatnaşyklaryň nyşany bolan täze binamyzda kabul etmek biziň üçin uly mertebedir.
Gruziýa hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda Türkmenistanyň esasy orun eýeleýän Merkezi Aziýa sebiti bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy we şondan bäri Gruziýa bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip gelýärler. Geljek ýyl biz diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyny belläp geçeris we Ilçihana birnäçe medeni hem-de aň-bilim çärelerini geçirmegi meýilleşdirýär.
Siziň dogry belleýşiňiz ýaly, men Türkmenistanda Gruziýanyň bähbitlerine wekilçilik edýärin, ýöne bu diňe bir taraplaýyn iş diýmek däldir. Tersine – bu iki esse jogapkärçilikdir. Meniň maksadym elmydama özara bähbitleri utgaşdyrmakdan we durmuşa geçirmekden ybarat boldy. Diplomatiýa diňe özara bähbitlere we ynama esaslananda üstünlikli bolýar. Elbetde, paýtagtlaryň goldawy bolmazdan munuň özi mümkin däl we bu ýerde ýurtlarymyzyň Liderleri möhüm orun eýeleýärler.
– Siziň söhbetdeşlikde belleýşiňiz ýaly, türkmen we gruzin halklaryny haýsydyr bir «görünmeýän sapagyň» ýakynlaşdyrýandygyny agzap geçipdiňiz – Siz bu ýerde nämäni göz öňüne getirdiňiz?
– Halklarymyzy ruhy taýdan ýakynlaşdyrýan şol « görünmeýän sapaga» gelsek – bu dürli medeni we maşgala däp-dessurlaryna bolan aýratyn hormat, umumy ahlak gymmatlyklary we özboluşly milli gymmatlyga aýawly çemeleşmekdir.
Gruzin we türkmen halklary öz taryhy köklerine deň derejede sarpa goýýarlar we geljege uly umyt bilen garaýarlar, şeýle hem myhmanpärwerlik däbi ýurtlarymyzyň tapawutly aýratynlygydyr. Hut şu zatlar biziň gatnaşyklarymyzy şeýle berkidýär.
Şu ýyl Gruziýada döwlet derejesinde hristianlyçylygyň kabul edilmeginiň 1700 ýyllygy bellenilip geçilýär. Bu sene ýurdumyzyň köpasyrlyk medeniýetini, durnuklylygyny we Türkmenistanda hem ýokary baha berilýän ruhy gymmatlyklaryny ýene bir gezek nygtaýar.
– Siz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň häzirki wagtda eýeleýän ornuna nähili baha berýärsiňiz we bu meselede Gruziýanyň garaýşy nähili?
– Häzirki döwürde parahatçylygyň gadyry has-da artdy. Gruziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebit durnuklylygynyň iň möhüm şerti hökmünde uly hormat bilen garaýar. Häzirki bolup geçýän wakalaryň şertlerinde seresaply we oýlanyşykly ädimleri ätmek zerurdyr. Ýurtlarymyzy umumy bir garaýyş birleşdirýär, ol hem — özara hormat goýmak we ösüş arkaly milli bähbitleri goramakdyr.
Gruziýa Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy berkitmäge goşýan ähmiýetli goşandyny aýratyn nygtaýar. Biz Türkmenistanyň parahatçylygy ilerletmek boýunça edýän işjeň tagallalaryna ýokary baha berýäris. Şeýle hem, Türkmenistanyň Gruziýanyň çäk bitewüligini we özygtyýarlylygyny yzygiderli goldap gelýändigini minnetdarlyk bilen bellemek isleýärin, bu bolsa biziň hyzmatdaşlygymyzyň üýtgewsiz esasydyr.

– Soňky wagtda ýokary derejeli saparlaryň sany has-da artdy. Bu biziň ýurtlarymyz üçin nämäni aňladýar?
– Ýurtlarymyzyň strategik geografik ýerleşişini we öň belleýşim ýaly, Liderlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary göz öňünde tutanyňda, bu örän tebigy we logiki ýagdaýdyr. Şunlukda, 2025-nji ýyl aýratyn işjeňligi bilen tapawutlandy – Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidziniň Aşgabada resmi sapary boldy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Mundan başga-da, Premýer-ministr ýokary derejeli forumlara, şol sanda deňze çykalga bolmadyk ýurtlaryň sammitine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparyny amala aşyrandygyny bellemek möhümdir. Saparyň dowamynda Gruziýanyň Daşary işler ministri Maka Boçorişwili, şeýle hem ýurduň syýasy ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Gruziýa bolan saparynyň çäklerinde ministr Tbiliside geçirilen Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy. Şeýle hem, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilip durulmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depgini elmydama ýokary derejede saklamaga ýardam edýär.
Men 2026-njy ýyly aýratyn bellemek isleýärin. Şu ýylyň başynda Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwiliniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, soňra bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Gruziýa resmi saparlaryny amala aşyrdylar. Wise-premýeriň Poti we Anakliýa şäherlerindäki port infrastrukturalaryna baryp görmegini aýratyn bellemek gerek, bu bolsa biziň amaly hyzmatdaşlygymyzyň ähmiýetini has-da nygtaýar.
Maý aýynyň başynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Aşgabatda boldy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, wise-premýer we degişli ministrler bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy.

– Soňky ýyllarda diplomatik işjeňlik hakykatdan hem örän ýokary boldy, eýsem ýakyn geljek üçin nähili meýilnamalar bar?
– Ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak maksady bilen, iýul aýynda Tbiliside giň gerimli işewürlik-forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şu günki günde Gruziýa maýa goýumlar üçin iň özüne çekiji ýurtlaryň biridir. Bu ýerde amatly işewürlik gurşawy we pes operasion çykdajylar bar, birnäçe erkin ykdysady zolaklar işleýär hem-de netijeli ykdysady gurşaw döredildi.
Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine has uly itergi berjegiňize ynanýan ýene bir möhüm waka garaşylýar. Emma häzirki tapgyrda men has jikme-jik maglumat bermekden saklanaryn – geliň, wakalaryň gyzykly ösüşine bileje garaşalyň.
– Gruziýa barha uly depgin bilen Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän halka hökmünde görkezilýär. Bu ýagdaýda geografik şertler nähili orun eýeleýär?
– Gruziýa — Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän özboluşly köprüdir. Bu ýurt dürli medeniýetleri we dinleri özünde jemlemek bilen, Ýewropa we Gündogar däp-dessurlaryny sazlaşykly utgaşdyrýar, ýöne iň esasy zat — adamlary ýakynlaşdyrýar. Mundan başga-da, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän ýurtlarymyzyň geografik golaýlygy, Gara we Hazar deňizleri ählumumy logistik ugurlar üçin üýtgeşik mümkinçilikleri döredýär, munuň aýdyň mysaly bolsa Orta geçelgedir.
Gruziýa parahatçylygy we sebitara baglanşygy berkitmek maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlary, şeýle hem öz goňşulary we strategik hyzmatdaşlary bolan Azerbaýjan, Ermenistan we Türkiýe bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Gruziýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýedi ýurt üçin özboluşly «derweze» bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Şoňa görä-de, şol ýurtlaryň dünýä bazarlaryna çykyşyny üpjün etmekde biziň wezipämiz örän ähmiýetlidir. Onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň bu wezipäni üstünlikli berjaý edip gelmegi we halkara jemgyýetçiliginde ygtybarly üstaşyr hyzmatdaş hökmünde ykrar edilmegi köp zatdan habar berýär. Biz ählumumy ykdysadyýetiň ösýän meýillerine doly düşünýäris, bu bolsa has köp mukdardaky harytlaryň howpsuz we wagtynda daşalmagyny aňladýar.
– Men bu ugurda Gruziýada köp işleriň edilýändigini bilýärin – okyjylarymyz üçin bu barada gysgaça durup geçseňiz…
– Siz dogry aýtýaňyz. Gruziýanyň Hökümeti iri maýa goýumlaryny amala aşyrýar, infrastrukturany ösdürýär, «Gündogar–Günbatar» magistralynyň gurluşygy tamamlanyp gelýär, Tbiliside täze howa menzilini gurmak meýilleşdirilýär, Anakliýa çuň suwly portunyň taýýarlyk işleri bolsa işjeň tapgyrda dowam edýär.
Gruzin portlary türkmen ýükleri üçin Ýewropa barýan iň gysga ýoly açýar. Biz türkmen dostlarymyza Gruziýanyň portlarynda öz terminallaryny we ammar düzümlerini döretmekde hem-de ösdürmekde ýardam bermäge taýýardyrys.
Aşgabada bolan resmi saparynyň dowamynda Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidentine türkmen energiýa serişdelerini Gruziýanyň çägi arkaly günbatar ugra daşmaga ýardam bermegi hem teklip etdi. «Ýaşyl» energetika — Gara deňziň düýbünden geçýän elektrik kabeli we sanly merkez Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda iň gysga we howpsuz ugry döredýär.
Mundan başga-da, Gruziýanyň erkin söwda baradaky ylalaşyklary türkmen işewürlerine 2,3 milliard dollarlyk bazara çykmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa telekeçiligi ösdürmek üçin örän möhüm ugurdyr.

– Soňky wagtda täze ulag geçelgeleri barada köp aýdylýar. Günorta Kawkazdaky ulag geçelgesi (TRIPP) ýaly ugurlaryň peýda bolmagy Gruziýanyň sebitdäki ornyny peseldip biler diýen pikirler bar. Siziň bu baradaky berjek bahaňyz nähili?
– Sowalyňyz üçin köp sag boluň. Ilki bilen, Günorta Kawkazda parahatçylygyň durnuklaşandygyny bellemek gerek, parahatçylyk bolsa abadançylygyň üýtgewsiz baş esasydyr. Biz muňa 35 ýyldan gowrak garaşdyk we Gruziýa elmydama bu ugurda parahatçylykly başlangyçlar bilen çykyş edip geldi. Men täze ugura alternatiwa hökmünde, sebitiň ösüşiniň tebigy prosessi hökmünde baha bererdim.
Onýyllyklaryň dowamynda Gruziýa tejribeli hyzmatdaş bolup durýar we gowy ornaşan, durnukly hem-de öňünden çaklap boljak gurşawy hödürleýär. «Baku–Tbilisi–Jeýhan» nebit geçirijisi, «Baku–Tbilisi–Gars» demir ýoly, şeýle hem Gara deňziň düýbünden geçirilmegi meýilleşdirilýän elektrik kabeli — bu taslamalar Gruziýany islendik geçelgäniň aýrylmaz bölegine öwürýär, ulag-üstaşyr ugurlary we ýük daşamalary barada aýtmasak hem düşnüklidir.
Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini artdyrýan islendik başlangyç biziň ugrumyz boýunça hem ýükleriň möçberini awtomatiki usulda köpeldýär. Gruziýa Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän iň gysga ýoldur. Gündogardan Günbatara tarap uzaýan islendik ugur, ahyrsoňy deňze çykalga gözleýär we bu ýerde biziň portlarymyz — Poti, Batumi we ýakyn geljekde Anakliýa çuň suwly porty esasy orny eýeleýär.
– Şeýle taslamalar biziň gatnaşyklarymyzyň berkemegine hem ýardam berer...
– Elbetde! Sebäbi biz bäsdeş däl-de, eýsem hyzmatdaşlar we dostlardyrys. Biziň ýurtlarymyz bir uly zynjyryň möhüm halkalarydyr. Şunlukda, täze ugurlar Gruziýanyň ornuny peseltmän, eýsem, tersine, infrastrukturany has çalt ösdürmek we sebit merkezi hökmündäki derejesini berkitmek üçin goşmaça itergi berýär. Sebit derejesinde gatnaşyklaryň has-da berkiejegine ynanýaryn.
Gruziýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen üstünlikli ösdürýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryndan başga-da, şahsy garaýşyma görä, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda has giň mümkinçilikler bar. Şeýle özara täsir geljekde iki sany makrosebitiň — Günorta Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge kömek edip biler. Esasanam, «C5+» formaty sebitara hyzmatdaşlyk üçin örän amatly binýatdyr.

– Jenap Ilçi, şu möhüm syýasy we ykdysady dialogyň şertlerinde, ynsanperwer ugurlarda — bilim, ylym, sport, lukmançylyk ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk nähili ösýär?
– Bu ugurlar biziň ileri tutýan ugurlarymyzdyr. Pudaklaýyn ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin ýeterlik derejede berk hukuk binýady döredildi, hyzmatdaşlyk barada köp sanly ähtnamalara gol çekildi we bular ösmegini dowam edýär. Häzirki wagtda Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde onlarça türkmen talyby bilim alýar.
Biz talyp alyş-çalyşygyna has-da ýardam bermäge taýýardyrys. Mundan başga-da, Gruziýa özüniň ýokary tehnologiýaly klinikalary bilen meşhurdyr. Biz diňe bir lukmançylyk syýahatçylygynda däl, eýsem tejribe alyşmakda hem uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle hem Gruziýa Boržomi, Shaltubo, Sairme we beýlekiler ýaly özboluşly balneologik (şypaly suwly) şypahanalary bilen buýsanýar.
– Gruziýa türkmen myhmanlaryna nämeleri hödürleýär? Bu ýerde medeniýetiň tutýan orny nähili?
– Statistika her bir zatdan habar berýär. Soňky wagtda, 2022-nji ýyldan başlap, türkmen syýahatçylarynyň sanynyň yzygiderli artýandygy göze ilýär. Biz myhmanlarymyza Batuminiň deňiz kenarlaryndan başlap, Kahetiýanyň üzüm meýdançalaryna çenli dürli ugurlary hödürleýäris. Gruziýa bolan syýahaty özboluşly aşhanasyz we 8 müň ýyllyk taryhy bolan şerap öndürmek däplerisiz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Medeniýet — bu biziň «ýumşak güýjümizdir». Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Aşgabatda Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň oturdylmagy örän simwoliki ähmiýete eýedir. Türkmen sazandalarynyň Sinandali festiwalyna gatnaşmagy, şeýle hem Telawi we Arkadag şäherleriniň doganlaşan şäherler bolmagy halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň mysallarydyr.

– Söhbetdeşligiň ahyrynda näme aýtmak islerdiňiz?
– 26-njy maý — Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni golaýlaşyp gelýär. Bu baýramçylyk bilen watandaşlarymyzy, Gruziýanyň ähli raýatlaryny gutlaýaryn. Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna berk dostluk üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de ýurtlarymyza parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly ýurtlarymyzyň sebitlerimiziň parahatçylykly ösüşine ýardam berjek möhüm, özara bähbitli taslamalary amala aşyryp biljekdiklerine ynanýaryn.
Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen paýtagtynyň ýolbaşçylaryny we ýaşaýjylaryny ýakyn günlerde giňden bellenilip geçiljek Aşgabat şäheriniň güni bilen hem gutlaýaryn. Aşgabat hakykatdan-da täsin şäher — özüniň gözelligi, ajaýyplygy we myhmanlary ilkinji baran gününden özüne bendi edýän adamlary bilen aýratyn tapawutlanýar.
Ähliniňize üstünlik we parahatçylyk arzuw edýärin. Köp sag boluň!
— Gyzykly söhbetdeşligiňiz üçin size köp sag bolsun aýdýarys we ORIENT saýtynyň okyjylarynyň adyndan Sizi, Siziň üstiňiz bilen Gruziýanyň Hökümetini we halkyny ýetip gelýän baýram — Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýarys.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
