48 topar, 104 oýun, öý eýesi bolan üç ýurt, telewideniýe bilen sanly platformalaryň birleşdirilmegi we 2031-nji ýyla çenli aýratyn hukuklar.
CCTV+ habar bermegine görä, Hytaýyň Media Topary (CMG) 2026-njy ýylyň FIFA dünýä çempionatyny giň gerimde şöhlelendirmek boýunça toplumlaýyn meýilnamasyny hödürledi. Ýaryş 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyny üç ýurt bilelikde kabul edýär. Toparlaryň sany 32-den 48-e, oýunlaryň sany bolsa rekord derejede — 104-e ýetirildi.
CCTV-5 teleýaýlymy 92 oýny göni ýaýlymda görkezer. CCTV-5+ bolsa toparlaýyn tapgyryň jemleýji ýaryşlarynyň12 möhüm duşuşygyny bir wagtda ýaýlyma berer. Olimpiýa ýaýlymy, şeýle hem Yangshipin, CCTV Sports we CCTV News platformalary gije-gündiz maglumat berişi üpjün eder. Telewideniýe bilen ykjam enjamlary bir bitewi ulgamda birleşdiriler.
Gepleşiklerde we ýaýlymlarda emeli aň tehnologiýalary giňden ulanylar. Bu bolsa adaty tomaşa etmek çäklerini giňeldip, janköýerleriň futboly kabul ediş tejribesini düýpgöter üýtgeder.
Hisense Group kompaniýasynyň wise-prezidenti Çžu Şusin şeýle diýdi:
«Şu gün gören zatlarymyz hakykatdanam täsirli boldy. Has baý mazmunly önümler, has köp görnüşli media ulgamlary we has giň aragatnaşyk ýollary döredilipdir. Bu täzelikler häzirki bazar we media meýillerine doly laýyk gelýär we gürrüňsiz, brendleriň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açar».
CMG resmi taýdan 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty üçin brend aragatnaşyk hyzmatlarynyň toplumy bilen hem tanyşdyrdy. Oňa bäş esasy ugur girýär: hukuklary işjeňleşdirmek, stadionlarda immersiw tejribe döretmek, sanly we akylly çäreler, möhüm mowzuklar we interaktiw özaragatnaşygy üpjün etmek.
GoNature Outdoor Sports Group kompaniýasynyň wise-prezidenti Çžao Le şeýle aýtdy:
«Biz dünýä çempionatynyň kömegi bilen öz brendimiziň halkara täsirini güýçlendirmegi maksat edinýäris. CMG-niň güýçli platformasynyň üsti bilen işjeň dynç alyş üçin niýetlenen hytaý harytlarynyň taryhyny dünýä tomaşaçylaryna ýetirip bilýäris».
Anna güni CMG bilen FIFA täze ýaryş tapgyry boýunça ylalaşyk gazandy. Oňa 2026 we 2030-njy ýyllaryň dünýä çempionatlary, şeýle hem 2027 we 2031-nji ýyllaryň zenanlar dünýä çempionatlary girýär. CMG Hytaýyň yklym böleginde ähli media ýaýlymlary üçin aýratyn hukuklary aldy.
Dünýä çempionaty diňe futbol däl. Bu brendleriň, tehnologiýalaryň we milliardlarça tomaşaçynyň ünsüni gazanmak ugrunda göreşdir. CMG diňe oýunlary görkezmeýär. Ol emeli aň, sanly platformalar we interaktiw mümkinçilikler bilen sport teleýaýlymynyň täze dilini döredýär.
104 oýun. 48 topar. 3 ýurt. We tomaşaçy diňe synlaman, eýsem oýnuň içinde ýaşamaly diýen bir maksat.
Sorag bolsa şunda: biz şeýle futbola taýynmy? Ýa-da ol biziň garaşyşymyzdan hem güýçli bolup çykarmy?
Jogabyny 11-nji iýunda bileris. Häzirlikçe bolsa pultlaryňyzy we smartfonlaryňyzy taýýarlaň. 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty hemme ýerde bolar.