||
Gazagystanda suw ýetmezçiligini çözmek maksady bilen emeli ýagyş taslamasy işe giriziler.
Habarda bellenilişine görä, Türkestan welaýatynda BAE-niň Milli meteorologiýa merkezi bilen bilelikde suw howdanlarynyň dolulyk derejesini ýokarlandyrmak we oba hojalyk ýerlerini suw serişdeleri bilen üpjün etmek üçin emeli usulda ygalyň döredilmegine gönükdirilen taslama durmuşa geçirilýär. Taslamanyň doly göwrümli işe girizilmegi 2026-njy ýylyň 17-nji maýyna meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, Gazagystanyň emeli ýagyş tehnologiýalaryny amaly taýdan ulanýan sebitdäki ilkinji ýurt bolandygy bellenilýär.
