Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatynda bolup geçen güýçli tupanlaryň we ýagyşlaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Hindistanyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda “The Economic Times” neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Hindistanyň iň gür ilatly ştatyna güýçli ýagyş, uly göwrümli doly ýagdy we tizligi sagatda 130 kilometre ýetýän güýçli tupan turdy. Tebigy betbagyçlygyň netijesinde azyndan 117 adam pida boldy, ýene-de onlarça ýaşaýjy dürli derejeli şikesler aldy. Güýçli ýel sebitiň infrastrukturasyna örän uly zyýan ýetirdi: 300-den gowrak ýaşaýyş jaýy weýran boldy we zeper ýetdi, elektrik geçiriji ulgamlar hem-de ykjam aragatnaşyk kesildi, ýüzlerçe baglar ýykyldy. Tebigy harasatdan has köp zyýan çeken okruglarda, şol sanda Praýagrajdajda gyssagly halas ediş işlerine başlanyldy we meteorologik howpuň ýokary derejesi yglan edildi.
