Minsk şäherindäki GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ştab-kwartirasynda «GDA-da halkara-hukuk dialogy: hyzmatdaşlygyň däpleri we döwrüň wehimlerine jogap» atly şygar astynda GDA-nyň II Halkara-hukuk forumy geçirildi. Giň gerimli bilermenler meýdançasynyň guramaçylary hökmünde Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti çykyş etdi.
Forum Türkmenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň 70-e golaý wekilini, şeýle hem halkara guramalarynyň hem-de ylmy-akademiki toparlaryň wekillerini bir ýere jemledi. Türkmenistana forumda Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Nazarguly Şagulyýew wekilçilik edýär. Bu bolsa resmi Aşgabadyň konstruktiw hukuk dialogyny ösdürmek boýunça yzygiderli alyp barýan syýasatyny tassyklaýar. Şeýle-de halkara forumynyň ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýetli ýylda — Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigi aýratyn nygtalýar.

Umumy mejlisi açmak bilen, GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko Arkalaşygyň 35 ýyllyk taryhynyň dowamynda 7 müňden gowrak resminamany öz içine alýan köptaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini, şeýle hem GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan 700-den gowrak nusgalyk kanunlaryň kabul edilendigini aýtdy.
Tematiki bölümçeleriň çäklerinde foruma gatnaşyjylar halkara hukugynyň täze ugurlaryny, sebit integrasiýasynyň hukuk esaslaryny hem-de jedelleri çözmegiň mehanizmlerini döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanyp, hukuk medeniýetini berkitmäge we GDA giňişliginde öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge möhüm goşant goşýar.
