Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Floridadaky Palm-Biç halkara howa menziline resmi taýdan ABŞ-nyň häzirki prezidenti Donald Trampyň ady berler. Bu barada ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy müdirligi (FAA) habar berdi.
Howa menziliniň ady bilen birlikde onuň halkara üç harply kody hem üýtgediler.
FAA tarapyndan çap edilen resminama laýyklykda, howa menzilini «Prezident Donald Tramp adyndaky halkara howa menzili» diýip atlandyrmak baradaky karar 2026-njy ýylyň 9-njy iýulyndan güýje girer.
Mart aýynda Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis Palm-Biç halkara howa menziline ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump adyny bermek baradaky kanuna gol çekipdi.
