Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklyk etmeginiň çäginde Aşgabatda geçiriljek möhüm integrasion duşuşyklaryň giň gerimli maksatnamasyny taýýarlaýar.
Diplomatik hepdeligiň esasy wakasy GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzyň “Garagum” myhmanhanasynda 22-nji maýa meýilleşdirilen nobatdaky mejlisi bolar. Sammitiň taýýarlyk işleri barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.
Çäräniň gün tertibiniň taslamasy on iki meseläni öz içine alýar. Şunlukda, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzalary dar düzümde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşarlar hem-de geodeziýa, kartografiýa we giňişleýin maglumatlar ulgamynda 2026-njy ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlygyň Döwletara maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň netijelerine baha bererler.
Giňişleýin düzümde kongres-sergi işi, dag-magdan senagaty we metallurgiýa pudaklarynyň sanly özgerişler, ulag we beýleki ulgamlarda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna degişli çözgütleri kabul etmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 2027-nji we 2028-nji ýyllarda GDA-nyň Ýaşlar paýtagtlaryny yglan etmek barada çözgüt kabul ediler.
Maksatnama laýyklykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Döwletara dialogyň möhüm bölegi hökmünde bilelikdäki resminamalaryň toplumyna gol çekiler.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi tertibine görä, sammitiň öňisyrasynda birnäçe bilermenler çäreleri geçiriler: 21-nji maýda “Garagum” myhmanhanasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň doly ygtyýarly wekilleriniň ylalaşykly geňeşmesi, “Ýyldyz” myhmanhanasynda bolsa GDA-na agza döwletleriň maliýe aňtaw bölümleriniň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisi bolar.
Mundan başga-da, 22-23-nji maýda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynyň meýdançasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň plenar mejlisi geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň giňişligindäki söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini nygtady hem-de daşary syýasat edarasyna meýilleşdirilen ähli forumlara gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
