«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özüniň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrýar.
Häzirki wagtda döwlet korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň, tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli dowam etdirilýär. Wise-premýer Guwanç Agajanow tarapyndan hödürlenen nebitgaz pudagynyň degişli kärhanalaryny maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslama 15-nji maýda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan makullanyldy.
Döwlet Baştutany uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny ýüze çykarmakda döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belledi we pudagyň ýolbaşçylygyna tehniki mümkinçilikleri güýçlendirmek, şol sanda daşary ýurtlaryň degişli kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly anyk tabşyryklary berdi.
