Ormuz bogazyndaky krizis sebit energetikasy üçin «howp duýdurmasy» bolup, serişdeleri ibermegiň gury ýer ugurlaryny ösdürmegiň zerurdygyny tassyklady. Bu barada Pakistanyň Russiýadaky ilçisi Faýsal Niýaz Tirmizi TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.
Diplomatyň aýtmagyna görä, dünýädäki nebitiň 20%-den gowragynyň geçýän adaty deňiz ýollaryndaky durnuksyzlyk Yslamabady işjeň görnüşde alternatiwa gözlemäge mejbur edýär. Zerur bolan energiýa serişdeleriniň takmynan 90%-ini import edýän Pakistan Merkezi Aziýadan gelýän giň gerimli turbageçirijiler ulgamynyň döredilmegini strategik çykalga hökmünde görýär.
«Belli bir tapgyrda Türkmenistandan, hatda Russiýadan hem Günorta Aziýa çekiljek alternatiw turbageçirijiler ara alnyp maslahatlaşylar. Ormuz bogazyndaky ýagdaý bizi Merkezi Aziýadan turbageçirijileri gurmak barada oýlanmaga mejbur etdi» diýip, Faýsal Niýaz Tirmizi nygtady.
Ilçi Pakistanyň awtomobil we demir ýollaryny, şeýle hem energetika magistrallaryny birleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň doly integrasiýasyna çalyşýandygyny belledi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistandan gelýän taslamalar Pars aýlagyndaky geosyýasy töwekgelçiliklerden garaşsyz bolan, sebitiň energetika howpsuzlygynyň ygtybarly şerti hökmünde garalýar.
Diplomat Pakistanyň we Russiýanyň liderleriniň geçen ýyl Pekinde we Aşgabatda eýýäm iki gezek duşuşandygyny hem belledi. Bu bolsa «Demirgazyk — Günorta» arabaglanyşygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde sebit meýdançalarynyň derejesini tassyklaýar.
