6–11-nji maý aralygynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» çempionatynyň çäklerinde «Ylym we innowasion bilim: Ählumumy ösüş strategiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Özbegistanyň we Germaniýanyň Ylymlar akademiýalarynyň guramagyndaky forumda türkmen ylmy mekdebine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Nowruzälem Gurdow wekilçilik etdi.
Gurdow öz çykyşynda häzirki zaman pedagogik usullaryny ahalteke atlaryny seýislemegiň köp asyrlyk däpleri bilen utgaşdyrmagyň syrlary barada gürrüň berdi. Akademiýada ýaş hünärmenleri taýýarlamak baradaky nutugy GDA ýurtlarynyň bilermenlerinde uly gyzyklanma döretdi.
Ylmy ösdürmäge goşan goşandy we ýokary hünär ussatlygy üçin Nowruzälem Gurdow GDA-nyň «Öz işiniň ussady» diýen hormatly adyna mynasyp boldy hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy. Bu üstünlik türkmen atçylyk mekdebiniň we bilim ulgamynyň halkara abraýynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.
ORIENT
