Tomus möwsüminiň başlanmagyna az wagt galdy, diýmek dynç alyş hakynda oýlanmagyň wagty geldi. «Altyn asyr» Milli syýahatçylyk zolagy myhmanlary garşy almaga taýýarlanýar, syýahatyňyzyň mümkin boldugyça amatly geçmegi üçin ugruňyzy häzirden meýilleşdirip bilersiňiz.
Raýatlaryň amatlylygy üçin biletleri satyn almak mümkinçiligi e.gov.tm bitewi döwlet portaly arkaly onlaýn görnüşde elýeterlidir.
Biletleri onlaýn nädip satyn almaly?
Hyzmat birnäçe gezek basmak arkaly uçar, otly ýa-da awtobus biletlerini öňünden sargyt etmäge we satyn almaga mümkinçilik berýär:
• e.gov.tm portalyna giriň.
• «Ulag, logistika we gümrük gullugy» bölümine geçiň.
• Gerekli ulag görnüşini we Hazar deňziniň kenaryna çenli amatly ugry saýlaň.
Hyzmatyň artykmaçlyklary:
• Wagty tygşytlamak: Kassalarda nobata durmagyň zerurlygy ýok — ähli işler uzakdan amala aşyrylýar.
• Amatly töleg: Biletleri «Altyn asyr» bank kartlary arkaly tölemek bolýar, bu bolsa tölegleriň tizligini we howpsuzlygyny üpjün edýär.
• 24/7 elýeterlilik: Portal gije-gündiz işleýär, şeýlelikde syýahaty islän wagtyňyzda meýilleşdirip bilersiňiz.
Öňünden satyn alnan biletler rahat we ýokary hilli dynç alyşyň kepilidir. Tomsy Awazanyň kenarynda Türkmenistanyň häzirki zaman sanly hyzmatlary bilen bilelikde garşy alyň!
Programma App Store we Play Market-de elýeterlidir.
