2026-njy ýylyň 11–15-nji maýy aralygynda Londonda geçirilýän UK–Turkmenistan B2B söwda saparynyň çäklerinde «Batly Gadam» atly türkmen dokma senagatyna degişli kompaniýa Beýik Britaniýanyň iri bölek söwda brendleriniň biri bolan Primark bilen gepleşikleri geçirdi, şeýle hem britan kompaniýasy «Somerbond» bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi.
Balkanabat şäherinden gelen wekiliýet Primarkyň edara binasyna baryp gördiler. Olar ýerinde söwda ulgamynyň üpjün edijilere bildirýän talaplary, hil ölçegleri hem-de logistika işleri bilen tanyşdylar. «Somerbond» bilen Ähtnama gol çekilmegi geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklary pugtalandyrdy we türkmen öndürijileri üçin britan bazaryna çykmagyň ýene bir ugruny açdy.
Bu «Batly Gadam» üçin halkara giňişligine ilkinji ädim däldir. Kompaniýa mundan ozal QACIS forumynyň çäklerinde «Turkmenekspo» hususy kärhanasynyň goldawy bilen Ýewropa bazary üçin dokma senagatyna degişli sertifikaty aldy. Bu bolsa oňa iri söwda ulgamlary bilen göni gepleşiklere ýol açdy.
Türkmen dokma senagatynyň önüm öndürijisiniň dünýäde 400 gowrak dükany bolan, çtiz ösýän moda pudagynyň öňdebaryjy söwda ulgamlarynyň biri hasaplanýan Primark bilen gepleşikleri geçirmegi hem-de «Somerbond» bilen Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistanyň hususy böleginiň barha artýan eksport mümkinçiligini, şeýle hem UK–Turkmenistan B2B Exchange ýaly düzümleýin söwda maksatnamalarynyň netijeliligini açyp görkezýär. Işewürlik saparyny Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmenekspo» hususy kärhanasy, Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň institusional goldawy bilen bilelikde gurady.
