Ýakynda Korean Air awiakompaniýasyna degişli ýolagçy uçary Ýaponiýanyň howa menzilleriniň birinde güýçli gapdal ýel sebäpli gonup bilmedi.
Gonuşa ýakynlaşan mahaly uçar ep-esli derejede saga-sola yrgyldap, uçarmanyň uçary uçuş-gonuş zolagynyň ugrunda saklamagyny kynlaşdyrdy. Ekipaž birnäçe gezek uçary durnuklaşdyrmaga we gonuşy amala aşyrmaga synanyşdy, emma howa şertleriniň çylşyrymlylygy sebäpli gonuşy bes edip, ikinji aýlawy ýerine ýetirmek kararyna gelindi.
Habarlara görä, gonuş howpsuzlyk maksady bilen ýatyryldy. Zyýan çekenler barada maglumat berilmedi.
