||
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Donald Tramp şu gün agşam, 13-nji maýda Pekine gelip, Hytaýa üç günlük döwlet saparyna başlady.
Bu sapar ABŞ-nyň prezidentiniň dokuz ýyldan soň Hytaýa amala aşyran ilkinji we 2017-nji ýylyň noýabryndan bäri Hytaýa ikinji saparydyr.
Amerikanyň baştutanynyň sapary Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça amala aşyrylyp, 15-nji maýa çenli dowam eder.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, iki ýurduň liderleri hytaý-amerikan gatnaşyklary hem-de dünýä parahatçylygy we ösüşi bilen baglanyşykly esasy meseleler barada çuňňur pikir alyşarlar.