
2026-njy ýylyň 13–15-nji maýy aralygynda Daşkent şäherindäki «Uzexpocentre» milli sergiler toplumynda dokma we tikinçilik senagatyna bagyşlanan 26-njy halkara «TextileExpo Uzbekistan 2026» sergisi geçiriler.
Sebitiň iň uly B2B meýdançasy
«TextileExpo Uzbekistan» Merkezi Aziýada öndürijileriň, üpjün edijileriň we professional satyn alyjylaryň esasy duşuşyk meýdançasy bolmagynda galýar. Bu ýerde baýerler ygtybarly hyzmatdaşlary we häzirki zaman ugurlaryny tapýarlar, pudak wekilleri bolsa önümçiligi optimizirlemek üçin toplumlaýyn çözgütleri alýarlar.
Sergä gatnaşyjylar bir ýerde dürli teklipleri deňeşdirip, önümleriň hiline baha berip hem-de öndürijiler bilen araçysyz göni gepleşikleri geçirip bilerler.
Serginiň gerimi
Şu ýyl sergide 7 ýurtdan gelen 150-den gowrak ygtybarly üpjünçl edijisi öz mümkinçiliklerini görkezer. Hytaý kompaniýalarynyň giň gerimli gatnaşygyna aýratyn üns berler.
Ekspozisiýa çig maldan taýýar geýime çenli önümçilik zynjyrynyň ähli tapgyrlaryny öz içine alar. Myhmanlara aşakdakylar hödürlener:
— Ýüplükler, matalar we trikotaž önümleri;
— Furnitura we aksessuarlar;
— Tehniki hem-de öý dokma önümleri;
— Jorap önümleri;
— Senagat üçin himiki we boýag serişdeleri.
Baýer maksatnamasy: netijä gönükdirilen çemeleşme
Serginiň aýratyn bölegi hökmünde däp bolan Baýer maksatnamasy geçiriler. Bu maksatnama maksatly B2B duşuşyklaryny guramak we göni eksport şertnamalaryny baglaşmak üçin netijeli platforma bolup hyzmat edýär.
Ýerli kompaniýalar üçin bu maksatnama halkara bazarlaryna çykmakda möhüm mümkinçilik bolar. Çagyrylan baýerler bolsa iş alyp barmak üçin aýratyn şertlerden we esasy üpjün edijiler üçin ileri tutulýan elýeterlilikden peýdalanarlar.
ORIENT