12–14-nji maý aralygynda CAEx Uzbekistan halkara sergiler merkezinde sebitiň ýangyç-energetika toplumynyň iň möhüm çäreleriniň biri — Özbegistanyň Energetika hepdeligi (UEW 2026) geçiriler. Bu çäre adatça Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň hem-de «Uzbekneftegaz» paýdarlar jemgyýetiniň goldawynda geçirilýär.
UEW 2026 öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak we energetika pudagynyň ösüş strategiýasyny kemala getirmek maksady bilen bilermenleri, pudak liderlerini hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirýän iri meýdança bolup çykyş edýär. Forumyň maksatnamasy uglewodorodlary gazyp almak we elektroenergetika ýaly iki esasy ugruň çäklerinde pudaklaýyn sergileri we maslahatlary öz içine alýar.
UEW 2026-nyň çäklerinde şu möhüm çäreler geçiriler:
• Halkara energetika forumy, şol sanda «Özbegistanyň nebiti we gazy» atly 28-nji maslahat hem-de 6-njy Halkara energetika maslahaty.
• OGU 2026 sergisi — nebitgaz pudagynyň iň uly meýdançasy.
• Power Uzbekistan 2026 — energiýany tygşytlamak, atom hem-de alternatiw energetika boýunça sergi.
• GETCA 2026 — Merkezi Aziýanyň “ýaşyl” tehnologiýalaryna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergisi.
Çäräniň gerimi 31 ýurtdan 537 kompaniýanyň we brendleriň, şeýle hem 1000-den gowrak wekiliň gatnaşmagy bilen tassyklanylýar. Gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda Hytaý, BAE, Saud Arabystany, ABŞ, Ýaponiýa hem-de Ýewropa ýurtlary bar. Belarus, Germaniýa, Hytaý we Türkiýe milli pawilýonlaryny görkezerler. Italiýa, Koreýa Respublikasy we Russiýa bolsa köpçülikleýin stendleri taýýarlar.
Uzbekistan Energy Week maýadarlaryň Özbegistanyň bazaryna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär hem-de ýurduň Merkezi Aziýanyň esasy energetika merkezleriniň biri hökmünde ornuny pugtalandyrýar.
ORIENT
