Guandundaky taýszisýuandan başlap, “bir dýuýmlyk urga” we dünýä derejesindäki meşhurlyga çenli — Jit Kun Donyň dörediliş taryhy.
Bu barada CCTV+ tarapyndan taýýarlanan reportažda gürrüň berilýär.
Brýus Li diňe söweş sungatynyň nyşany däl. Onuň Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatyndaky köklerinden başlap, söweşe bolan innowasion çemeleşmesine çenli geçen ýoly däp-dessurlar bilen şahsy filosofiýanyň birleşip, özboluşly sungaty — Jit Kun Dony döredendigini görkezdi.
Jit Kun Donyň döreýiş taryhyna düşünmek üçin, onuň Guançžou şäherindäki ata-baba öýüne ýüzlenmeli.
Brýus Liniň ata-baba öýi bolan Ýunsinfandaky ýolbelet He Szinszy şeýle diýýär: «Biz häzirki wagtda Brýus Liniň ata-baba öýüniň esasy zalynda durus. Bu ýer milli Siguan köşgüniň ýüregi hasaplanýar. Üstündäki ýazgyda “Opera we söweş sungaty maşgalasy” diýlip ýazylan. Bu ýazgy Brýus Liniň kakasy Li Hoý-çueniň bütin ömrüniň ruhuny beýan edýär».
Li Hoý-çuen kanton operasynyň ussady bolmak bilen bir hatarda, taýszisýuanyň hem ökde ussadydy. Brýus Li taýszisýuany kakasyndan ýedi ýaşynda öwrenip başlady. 13 ýaşynda bolsa Ip Manyň şägirdi bolup, Win Çun stilini öwrenmäge girişdi. Şol döwürde ol ýetginjeklik ýaşyna ýetip, birneme gozgalaňçy häsiýete eýe bolupdy. Ol taýszisýuanyň aşa ýumşakdygyny we öz isleglerini kanagatlandyrmaýandygyny duýýardy.
Guançžou şäherindäki Sen stiliniň mirasdüşeri Sen Çžaoweý Brýus Liniň Win Çun boýunça tejribesiniň Jit Kun Dony döretmegine nähili täsir edendigini şeýle düşündirýär: «Aslynda Win Çun “on iki görnüşi we sekiz ýörelgäni” öz içine alýar. Brýus Li “jit” diýen düşünjäni aldy we ony has-da ösdürdi. Bu söz “garşy alyp saklamak” diýen manyny berýär. Win Çunda garşy almak — garşydaşyň hüjüm eden pursatynda onuň hereketini uruşyň ortasynda togtadyp, dessine garşy hüjüme geçmekdir. Bu hytaýyň In we Ýan teoriýasyndaky deňagramlylyk filosofiýasyna laýyk gelýär. Siz garşy alyp, derrew hüjüm edýärsiňiz. Soňra onuň meşhur “bir dýuýmlyk urgusy” peýda boldy. Örän çalt».
Win Çundan başlan Brýus Li kem-kemden söweş sungatynyň ussadyna öwrüldi. 1959-njy ýylda ol ABŞ-a göçüp bardy we dürli söweş stilleri bilen tanyşdy. Däp-dessurlaryň çäklerinden çykyp, Win Çuny öz filosofiýasy bilen birleşdirip, Jit Kun Do diýlip atlandyrylýan özboluşly söweş ulgamyny döretdi.
Däp-dessurlardan innowasiýa çenli bolan bu ruh diňe onuň söweş sungatynda däl, eýsem filmlerinde hem öz beýanyny tapdy. 1971–1973-nji ýyllar aralygynda, bary-ýogy üç ýylyň dowamynda, ol bäş filmde düşüp, ýarym asyrdan gowrak wagt bäri dowam edýän dünýä meşhurlygyny gazandy.
Brýus Liniň ýoly diňe bir tehnikalaryň üýtgemegi däl. Bu — ata bilen ogluň arasyndaky gepleşik, taýszisýuanyň ýumşaklygy bilen köçe söweşiniň berkligi, däp-dessur bilen gozgalaňyň arasyndaky dialogdyr. Hut şol dialog hem öz ussady ýaly henizem çäksiz sungaty bolan Jit Kun Dony döretdi.