Işewürlik işjeňliginiň indeksi 50 göterimden geçdi — isleg durnukly, üpjünçilik zynjyrlary bolsa kadaly işleýär.
CCTV+ bu barada şeýle habar berýär. Şenbe güni çap edilen maglumatlara görä, Hytaýyň ammar pudagy aprel aýynda yzly-yzyna ikinji aý ösüş zolagynda galdy. Bu ýagdaý bazaryň ýokary işjeňligini hem-de pudagyň durnukly ösýändigini görkezýär.
Hytaýyň logistika we satyn alyş federasiýasynyň maglumatlaryna görä, pudagyň ösüşini görkezýän indeks 51 göterime deň boldy. 50 göterimden ýokary görkeziji ösüşi, 50 göterimden pes görkeziji bolsa pese gaçyşy aňladýar.
Täze sargytlar, ammar meýdanlarynyň ulanylyş derejesi we ahyrky ätiýaçlyk gorlary boýunça esasy goşmaça indeksler ösüş zolagynda galdy. Şeýle hem, haryt dolanyşygynyň ortaça tizligini görkezýän indeks ýokary derejesini saklady. Bu görkezijiler ammar hyzmatlaryna bolan islegiň durnukly ösýändigini, ýük dolanyşygynyň netijeli alnyp barylýandygyny hem-de üpjünçilik zynjyrlarynyň bökdençsiz işleýändigini görkezýär.