Ýoluny ýitiren kit
Ýaş örküçli kit Timminiň wakasy 2026-njy ýylyň ýazynda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan ekologiýa wakalarynyň birine öwrüldi. Germaniýanyň kenarlaryna golaý Baltika deňziniň çuň däl suwlarynda galan haýwanyň ykbalyna birnäçe hepdäniň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, meýletinçiler, deňiz biologlary we dünýäniň dürli künjeginden müňlerçe adam syn etdi.

Timmi ilkinji gezek 2026-njy ýylyň 3-nji martynda Germaniýanyň kenarynda göründi. Ýaş örküçli kit migrasiýa ýolundan azaşyp, Baltika deňziniň özüne mahsus bolmadyk çuň däl suwlaryna düşdi.
Ilkinji gezek kenara çykyp galmagy
23-nji martda kit ilkinji gezek Timmendorfer-Ştrand şäherçesiniň golaýynda çäge üstünde galdy. Dört günden soň ol ýene suwa dolanyp bildi, emma ýeterlik çuňluga çykmak başartmady.

Ýagdaýy çylşyrymlaşdyran faktorlaryň biri hem Baltika deňziniň örküçli kitler üçin amatly däldigidi: çuň däl suwlar, dar aýlaglar we işjeň gämi gatnawy onuň açyk deňze özbaşdak dolanmak mümkinçiligini ep-esli peseldýärdi.
Çuň däl suwlarda geçen hepdeler
31-nji martda Timmi ýene-de bu gezek Meklenburg — Öňki Pomeraniýa sebitindäki Pýol adasynyň golaýynda çäge üstünde galdy. Şondan soň kit hereket etmegini bes edip, çuňlugy kä ýerlerde bary-ýogy bir-iki metr bolan howply sebitde birnäçe hepde geçirdi.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, haýwan çuň däl suwlarda tas bir aý töweregi boldy. Şeýle şertlerde uzak wagt galmak onuň horlanmagyna, derisiniň zeper ýetmegine we güýçli stres ýagdaýyna sezewar bolmagyna getirip bilerdi.
Halas ediş mümkinçiligi örän pes hasaplandy
Bilermenler ilkibaşdan üstünlikli halas etmegiň ähtimallygynyň örän azdygyny duýdurýardylar. Timmi gowşak we ýoluny ýitiren ýaly görünýärdi, onuň bedeninde dürli zeperleriň yzlary hem görünýärdi.
Hünärmenleriň käbiri kitiň başga ýere daşalmagynyň hem onuň üçin goşmaça töwekgelçilik döredip biljekdigini aýtdy. Muňa garamazdan, halas ediş işleri dowam etdi: meýletinçiler we weterinarlar gije-gündiz kitiň ýagdaýyna gözegçilik etdiler, deňziň derejesiniň wagtal-wagtal ýokarlanmagy bolsa onuň özbaşdak çykyp biljekdigine umyt döredýärdi.

Operasiýanyň öwrülişik pursady
20-nji aprelde suwuň derejesiniň ýokarlanmagy Timminiň birnäçe kilometr ýüzüp geçmegine mümkinçilik berdi. Bu kitiň henizem işjeň hereket edip bilýändiginiň ilkinji möhüm alamaty boldy. Operasiýanyň esasy tapgyry 28-nji aprelde başlandy. Birnäçe çylşyrymly synanyşykdan soň halas edijilere kiti uly deňiz haýwanlaryny daşamak üçin niýetlenen ýörite suwa batyrylan barža çykarmak başartdy.
Açyk deňze dolanmak
2026-njy ýylyň 2-nji maýynda Timmi Daniýanyň kenarlaryndaky Skageniň golaýynda ýerleşýän Demirgazyk deňziniň açyk suwlaryna goýberildi. Boşadylmazdan öň onuň soňraky hereket ýoluny yzarlamak üçin kitiň bedenine GPS geçiriji berkidildi.

Operasiýa gatnaşyjylaryň sözlerine görä, deňze goýberilenden soň kit birnäçe gezek çuň dem alyp, suwuň astyna çümüp gitdi.
Goýberilenden soňky ilkinji sagatlarda geçirijiden signal gelip durdy, emma soň maglumat iberilişi durnuksyz boldy we tiz wagtdan doly kesildi. Şondan soň haýwanyň ýerleşýän ýerini kesgitlemek başartmady.
“Timmini” halas etmek operasiýasyny kim maliýeleşdirdi
Ilkibaşda kiti halas etmek synanyşyklary Germaniýanyň ýerli häkimiýet edaralarynyň we ekologik gulluklarynyň gatnaşmagynda utgaşdyryldy. Emma wagtyň geçmegi bilen operasiýanyň has köp serişdäni, ýörite tehnikany we millionlarça çykdajyny talap etjekdigi belli boldy.
Operasiýanyň dowam etdirilmeginde nemes telekeçileri Karin Walter-Mommert we “MediaMarkt” torunyň esaslandyryjylarynyň biri Walter Guntz möhüm orun tutdylar. Hut olar baržanyň taýýarlanylmagyny, hünärmenleriň we weterinarlaryň işini, şeýle hem kitiň Demirgazyk deňzine tarap daşalmagyny öz içine alan uly tapgyry maliýeleşdirdiler.
Nemes köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, halas ediş işiniň bahasy takmynan 1,5 million ýewro hökmünde bahalandyryldy.
ORIENT
