Belarus bilen Müsür ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýärler. Müsür wekiliýetiniň Minsk şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda taraplar haryt dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen birža söwda mehanizmlerini ulanmak barada ylalaşdylar. Hyzmatdaşlyk kompaniýalary elektron söwda meýdançalaryna çekmäge, baha maglumatlary bilen alyşmaga we telekeçileri bilelikde okatmaga gönükdiriler diýip, BELTA habar berýär.
Aýratyn üns sanly tehnologiýalara berildi. Belarusyň Uniwersal Haryt Biržasy (BUCE) öz programma üpjünçiligini müsür bazarynyň talaplaryna laýyklykda uýgunlaşdyrmaga taýýardyr. Belarusyň IT önümleri uniwersal häsiýete eýe bolup, olary islendik haryt boýunça söwdany guramak üçin sazlap bolýar. Bu bolsa iki ýurduň arasynda berk tehnologik baglanyşygy döretmäge mümkinçilik berer.
Müsür işewür toparlary üçin birnäçe okuw seminarlary geçiriler. Bu çäreler kompaniýalaryň täze bazarlara çykmagyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Müsüriň Maýa goýum ministrligi eksport-import geleşiklerinde ygtybarly hyzmatdaşlary tapmaga we töwekgelçilikleri azaltmaga kömek edýän birža gurallaryny ilerletmäge ýardam eder.
Müsüriň maýa goýum ministri Mohamed Farid Saleh bilelikdäki işiň iki ýurduň söwda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigini nygtady. Biržalaryň utgaşdyrylan işi aç-açan iş alyp barmak we harytlary GDA hem-de Afrika bazarlaryna işjeň çykarmak üçin möhüm gural bolar.
ORIENT
