8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Senagat toplumynyň esasy meselesi sebitdäki nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmekden ybarat boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny (TNGIZT) döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen Kararyň taslamasyny hödürledi.
Mejlisiň dowamynda nebitgaz toplumy tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň hem-de nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak babatda işleriň depginli alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, türkmen geologlary we nebitgazçylary welaýatyň çäginde çäginde ýerleşýän nebitgaz känlerinde gözleg-barlag işlerini hem-de olary senagat taýdan özleşdirmek işlerini işjeň dowam etdirýärler.
Hasabaty dikläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak üçin ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligine we ýurdumyzyň nebit-himiýa senagatynyň öňdebaryjysy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegi aýratyn belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik desgalaryny arassalanan suw bilen üpjün etmek işini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine öz serişdeleriniň hasabyna “Nur Mimar” hojalyk jemgyýeti bilen “Kenar” sorujy bekedini we häzirki zaman deňiz suwuny süýjediji desgany taslamalaşdyrmak hem-de gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýän bu ägirt uly desganyň bir gije-gündiziň dowamyndaky kuwwaty 15 müň kub metr bolar. Taslama laýyklykda, gurluşyk işlerine eýýäm 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak we sorujy bekedin hem-de desgany 2029-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu karary milli nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy kärhananyň ekologiýa taýdan durnukly we tehnologiki taýdan öňdebaryjy ösüşi üçin ygtybarly binýat goýýar.
