3-nji iýunda Baş konsullyk tarapyndan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Hyrat welaýatynyň Sport we bedenterbiýe müdirligi bilen bilelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan taslamasynyň «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisi»-niň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurnaldy.

Bu sport çäresine Hyrat welaýatynyň welosipedçileri, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, Hyratdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Welosiped ýörişine gatnaşanlara Baş konsullyk tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
ORIENT
