8-nji maýda Kamboja Patyşalygynyň paýtagtynda Türkmenistanyň we Kambojanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi. Pnompendäki duşuşyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek we gatnaşyklaryň täze, geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli gural boldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin täze gözýetimleri açmaga gönükdirilen ýokary derejeli duşuşyklary guramagyň ähmiýetini bellediler. Onlaýn-duşuşyklary we dostluk toparlarynyň wekiliýetleriniň saparlaryny guramak arkaly parlamentara gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi. Syýasy dialog bilen bir hatarda, taraplar iki döwletiň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli artdyrmagyň we kämilleşdirmegiň zerurdygyny bellediler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy halkara başlangyçlary goldandygy we Türkmenistanyň öňe süren BMG-niň birnäçe Kararnamalaryna awtordaş bolup çykyş edendigi üçin Kamboja tarapyna minnetdarlyk bildirildi.
Diňe bir Günorta-Gündogar Aziýa sebitinde däl-de, eýsem onuň çäklerinden has uzakda hem netijeli hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup hyzmat edýän ASEAN ugry boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri duşuşygyň aýratyn mowzuk boldy. Kambojanyň Türkmenistanyň geljegi uly bolan «Merkezi Aziýa + ASEAN» dialog formatyny döretmek baradaky başlangyjyny doly goldaýandygy bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak, işewürlik forumlary we söwda missiýalaryny geçirmek bellenildi. Taraplar dokma senagatynda, oba hojalygynda we önümleri gaýtadan işlemekde hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri görýärler. Bar bolan we döredilýän halkara ulag geçelgelerini netijeli ulanmak bilen, ulag-logistika ulgamynda özara hereketlerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin özara Medeniýet günlerini geçirmek meselesine seretmek teklip edildi. Taryhy-medeni mirasy wagyz etmek nukdaýnazaryndan, iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
