Hytaý we Fransiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary we garaşsyz iri döwletler hökmünde halkara parahatçylygyny, durnuklylygyny we ösüşini saklamak üçin möhüm jogapkärçilikleri öz üstüne alýarlar diýip, anna güni Fransiýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Emmanuel Bonn bilen Pekinde geçiren gepleşiklerinde dowamynda Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I aýtdy.
Wan I dünýäde häzirki durnuksyzlygy belläp, iki ýurduň strategik gatnaşygyny güýçlendirmelidigini hem-de utgaşdyrmagy amala aşyrmalydygyny, ählumumy meseleleri bilelikde çözmelidigini we dürli görnüşli päsgelçiliklerden azat we durnukly ösüşi gazanmak üçin Hytaý bilen Fransiýanyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygy öňe sürmelidigini aýtdy.
Bonn Fransiýanyň ählumumy meselelerde bilelikdäki konstruktiw çözgütleri gözlemekde Hytaý bilen ýakyndan işleşmäge taýýardygyny aýtdy. Ol häzirki halkara ýagdaýlarda Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky dialogy we hyzmatdaşlygy saklamagyň örän möhümdigini belläp, sözüniň üstüni ýetirdi. Bonn Ýewropa Bileleşigine Hytaýyň zerudygyny belläp, Fransiýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň arasyndaky dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýelemäge taýýardygyny aýtdy.