Syýahatçylar häzirki wagtda barha köp ýerli aşhanany nazara tutup syýahatçylyk ugruny saýlaýarlar. Soňky dünýä tendensiýalaryna görä, her bäşinji syýahatçy täze gastronomik açyşlary gözleýär, syýahatçylaryň ýarysy bolsa hatda uçar petegini satyn almazdan öň restoranlarda ýer sargyt edip goýýarlar. Şeýle şertlerde Türkiýäniň Izmir şäheri hakyky tagamlary we ýokary derejeli aşhanany gözleýänler üçin iň oňat nokatlaryň biridir.

Şypaly otlar we deňiz nygmatlary
Izmir bilen aşhana taýdan tanyşlyk üýtgeşik ýabany ösýän otlardan başlanýar. Ýabany sparža, malwa we çitçiti ýerli zeýtun ýagynda gowuryp, salat ýa-da meze hökmünde hödürleýärler. Bu tagamlar täze deňiz önümleri — osminog we kalmar bilen ajaýyp utgaşýar. Eger ýaz paslynda baryp görseňiz, Alaçaty şäherindäki Otlar festiwalyna hökman gatnaşyň — bu ýerde gastronomiýa hakyky baýramçylyga öwrülýär.

Urla: fermadan MICHELIN gollanmasyna çenli
Urla sebiti hakyky gastronomik merkezi boldy. Bu ýerde ýaş aşpezler “fermadan stola” düşünjesine esaslanyp, gadymy nahar taýýarlamak usullaryny täzeden döredýärler. Ýerli aşpezleriň ussatlygy MICHELIN gollanmasy tarapyndan hem ykrar edildi — Urla restoranlary ekologiýa taýdan “ýaşyl ýyldyzlar” bilen sylaglandy. Şeýle hem bu sebit çakyr önümçiligibilen tanalýar: syýahatçylar “üzüm ýolundan” geçip, “Urla Karasy” ýaly seýrek üzüm görnüşlerinden taýýarlanan çakyrlary dadyp bilerler.
Köçe naharlary we meşhur ertirlikler
Izmiriň köçeleri ýeňil naharlary halaýanlar üçin hakyky jennetdir. Ertirlikde hökmany dadyp görmeli:

— Boýoz — ýumşak gatlakly çörek;
— Gewrek — ýerli simidiň görnüşi;
— Kumru — aýratyn çörekde taýýarlanan gyzgyn sendwiç.
Süýjülik hökmünde şambali (manna ýarmasyndan taýýarlanan süýji) ýa-da şerbetli gyzgyn lokma byzmyklary dadyp görüň.

Syýahatçy üçin maslahatlar
Egeý durmuş stilini doly duýmak üçin Çeşme ýa-da Alaçaty şäherlerinde ýerleşýän butik myhmanhanalary saýlaň. Şeýle hem Izmire golaý ýerleşýän ÝUNESKO sanawyndaky gadymy Efes we Pergam şäherlerine baryp görüň.
ORIENT
