Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew Daşkent şäherinde geçirilen WBC Eurasia Boxing Night professional boks agşamynda ynamly ýeňiş gazanyp, WBC Eurasia çempionlyk guşagyna eýe boldy.
Çempionlyk ugrunda geçirilen duşuşyk birinji raundda tamamlandy. Imankulyýew Tanzaniýanyň wekili Adam Daçany nokauta ugradyp, professional ringdäki ilkinji çempionlyk guşagyny gazandy.
Tutluşyk ýarym agram derejesinde (69,8 kilograma çenli) 29-njy maýda «Humo» arenasynda geçirildi. Türkmen türgeni üçin bu duşuşyk onuň professional ýolundaky iň möhüm synaglaryň biri bolup, ynamly ýeňiş bilen tamamlandy.

Hursand Imankulyýew halkara derejeli sport ussady bolup, Türkmenistanyň on gezek çempionydyr. Ol dürli ýyllarda dünýä çempionatlarynda, Aziýa oýunlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik etdi.
WBC Eurasia guşagy dünýäniň öňdebaryjy professional boks guramalarynyň biri bolan Bütindünýä Boks Geňeşiniň (WBC) ulgamyna girýär. Bu ýeňiş türkmen türgenine halkara arenada öňe möhüm ädim boldy.
Daşkentde geçirilen halkara boks agşamyna sport jemgyýetçiliginiň wekilleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy.
ORIENT
