Belarusyň çörek konditer önümlerini öndürýän iň iri kärhanalarynyň biriniň önümleriniň Türkmenistana göni eksport edilip başlanmagy, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň möhüm başlangyjy boldy. Belarusyň Döwlet azyk senagaty konserniniň resmi beýannamasyna hem-de «Slodyç» AGPJ konditer fabriginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, 29-njy maýda kärhananyň taryhynda ilkinji gezek konditer önümleri Türkmenistana üstünlikli iberildi.
Ilkinji eksport tapgyryna halkara bazarlarda uly isleg gazanan we ýokary hilli hasaplanýan dürli görnüşli kökeler hem-de süýjüler girizildi. Bilermenleriň pikiriçe, bu waka Belarusyň öňdebaryjy senagat brendleriniň Merkezi Aziýa sebitindäki söwda gatnaşygyny giňeltmekde möhüm ädim bolup, uzak möhletleýin we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar.
Minsk şäherinde ýerleşýän «Slodyç» konditer fabrigi üçin Türkmenistanyň bazaryna çykmak uly üstünlik bolup durýar. Bu ädim brendiň önümleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Häzirki wagtda kärhana şekerli, gatlakly, ýagly, şokolad bilen örtülen hem-de berhiz kökeleri, şeýle hem ak köke, keksler we süýjüler ýaly 100-den gowrak görnüşli önüm öndürýär.
Öndüriji kärhana önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrýar hem-de satuw bazarlarynyň geografiýasyny giňeldýär. Bu ösüş, şol sanda kärhananyň gurluşynyň üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Belarusyň degişli konserniniň ýolbaşçylary türkmen hyzmatdaşlary bilen gazanylan ylalaşyklaryň bir gezeklik söwda amallary bilen çäklenmeýändigini belleýärler. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistandaky söwda torlarynda önümleriň yzygiderli hödürlenmegini, assortimentiň döwrebaplaşdyrylmagyny we özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň kem-kemden artdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
