
Amerikan kino sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragyna dalaşgärleri saýlamak düzgünlerini resmi taýdan täzeläp, emeli aň üçin berk çäklendirme girizdi. Täze düzgünlere görä, esasy ugurlar boýunça altyn heýkeljige dalaş etmek hukugy diňe adamlara degişli boldy. Bu çözgüt tehnologiýalaryň çalt ösüşiniň fonunda adaty döredijilik hünärlerini goramak ugrunda möhüm ädim hökmünde kabul edilýär.
Indi düzgünnamada baýrak almaga diňe hakyky, janly aktýorlaryň we ssenaristleriň hukugy bardygy anyk görkezildi. Esasy üýtgeşmeler iki ugra degişli boldy:
• Aktýorçylyk ussatlygy: diňe adamlaryň özleriniň razylygy bilen ýerine ýetiren keşpler göz öňünde tutulýar. Emeli aň tarapyndan doly döredilen sanly keşpler bäsleşige goýberilmeýär.
• Ssenariý işi: tekstler diňe adam awtorlary tarapyndan ýazylmaly. Çat-botlaryň ssenariýanyň esasy ýa-da soňky görnüşini döretmekde ulanylmagy taslamanyň baýrak ugrunda göreşmek mümkinçiligini aradan aýyrýar.
Bu düzgünleriň gyssagly taýdan anyklaşdyrylmagyna sebäp bolan ýagdaýlaryň biri — “Kanion Del Muerto” atly filmiň treýleri boldy. Onda emeli aň arkaly aktýor Wel Kilmeriň ýaş görnüşi döredildi. Maşgalasynyň goldawyna garamazdan, bu ýagdaý giň jemgyýetçilik jedellerine sebäp boldy. Şeýle hem, emeli aňyň ulanylmagy 2023-nji ýylda Golliwudda geçirilen giň gerimli iş taşlaýyşlarynda esasy meseleleriň biri boldy.
Bu çözgüt “Oskar” baýragynyň henizem hut adam zehininiň we ussatlygynyň ýokary derejesi bolup galýandygyny tassyklaýar. Kino muşdaklary üçin bu baýraklara eýe bolan filmleriň diňe diri ýerine ýetirişe mahsus bolan emosional çuňlugy saklajakdygynyň kepilidir. Hünärmenler üçin bolsa bu sanly döwürde awtorlyk hukugynyň we adam zähmetiniň ähmiýetiniň saklanýandygyny görkezýän alamatdyr.
ORIENT