Kosmos pudagy awtonomlygyň täze derejesine çykýar. Kremniý jülgesiniň EraDrive startapy hem-de aerokosmik ägirdi Northrop Grumman ýokary derejede özbaşdak emeli aň bilen enjamlaşdyrylan hemralary döretmek boýunça ylalaşyk baglaşdylar. Bu tehnologik çözgüt çylşyrymly orbital amallary çalt, takyk we howpsuz prosese öwürmegi maksat edinýär.
Häzirki wagtda Northrop Grumman geostasionar orbitada beýleki hemralary ýangyç bilen üpjün etmek we olaryň hyzmat möhletini uzaltmak üçin Mission Extension Vehicle (MEV) enjamlaryny işjeň ulanýar. Şeýle-de bolsa, bu missiýalar ýokary derejede takyklygy talap edýär we köp wagt alýar. EraDrive tarapyndan işlenip taýýarlanan emeli aňyň integrasiýasy arkaly iň çylşyrymly tapgyrlar doly awtomatlaşdyrylar: neýrotorlar özbaşdak birleşme traýektoriýasyny hasaplar, ulgam hakyky wagtda daşky gurşawy seljerer, robotlaşdyrylan manipulýatorlar bolsa Ýerden operatorlaryň hemişelik gözegçiligi bolmazdan takyk abatlaýyş işlerini ýerine ýetirip biler.
Ýakyn bir ýylyň dowamynda kompaniýalar gönükmeklik we nawigasiýa ulgamlaryny, şeýle hem hemralaryň öz-özüni barlamak toplumyny işläp taýýarlamaga ünsi jemlärler. Programma üpjünçiligi bilen bir hatarda, EraDrive neýrotorlar üçin “göz” bolup hyzmat etjek ykjam sensorlar toplumyny döreder. Şol bir wagtda Northrop Grumman-yň golçur kärhanasy bolan SpaceLogistics 2026-njy ýylyň ahyrynda köp basgançakly wezipeleri ýerine ýetirip bilýän uniwersal manipulýatorly täze görnüşli orbital enjamy uçurmaga taýýarlanýar.
ORIENT
