17–22-nji maý aralygynda Baku şäherinde Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji sessiýasy (WUF13) geçiriler — bu megapolisleriň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň iri halkara meýdançadyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu ählumumy çärä Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) hem-de Azerbaýjanyň hökümeti tarapyndan guralýan forum dünýäniň öňdebaryjy binagärlerini, urbanistlerini we döwlet işgärlerini bir ýere jemlär. Türkmenistan üçin bu abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de “akylly” we ekologiýa taýdan durnukly şäherleri döretmek boýunça özboluşly tejribesini paýlaşmak üçin möhüm mümkinçilikdir.
Döwlet Baştutanymyz şeýle forumlaryň çäklerinde söwda-ykdysady hem-de ylmy-bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. WUF13-iň Baku sessiýasyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlydygyny we milli şähergurluşyk ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga bolan islegini görkezýär.
