12-17-nji maý aralygynda Kazanda (Tatarstan Respublikasy) her ýyl geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumy geçiriler. Bu çärä halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşar.
Bu çärä gatnaşmagyň maksatnamasy many-mazmuna baý bolup, ol işewürlik gün tertibinden başlap, hyzmatdaşlygyň iň dürli ugurlaryny öz içine alar. Ýurdumyzyň wekilleri «Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO» atly giň gerimli sergä we ýöriteleşdirilen halkara emläk foruma gatnaşarlar.
Hyzmatdaşlygyň söwda ugrunda bolsa «Kazan halal bazary» halkara ýarmarkasyna we milli däp-dessurlaryň hem-de döwrebap meýilleriň görkeziljekýeri bolan «Asylly moda güni» festiwalyna gatnaşarlar.
Halkara at çapyşyklary we žokeýleriň çempionaty bu çäräniň aýratyn wakasyna hem-de hakyky premýerasyna öwrüler. Forumyň taryhynda ilkinji gezek 16-njy maýda Kazan ippodromynda geçiriljek bu bäsleşige türkmen ussatlary gatnaşarlar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji maýda, anna güni geçiren Hökümet mejlisinde köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde Kazan meýdançasynyň möhümdigini belledi we ýurdumyzyň wekilleriniň bu çärelere iň ýokary derejede gatnaşmagyny guramagy tabşyrdy.
