Şäher howa ulagynyň geljegi kem-kemden hakykata öwrülýär. Joby Aviation kompaniýasy Nýu-Ýork şäherinde synag uçuşlarynyň tapgyryny üstünlikli geçirdi we enjamy John F. Kennedy adyndaky howa menzilinden Manhetteniň işewürlik merkezine 10 minutdan hem az wagtda ýetirdi. Deňeşdirmek üçin, şol ugur boýunça awtoulag bilen gatnaw, dyknyşyk sebäpli, adatça takmynan bir sagat dowam edýär.
Joby-nyň dik uçup-gonýan elektrik uçary (eVTOL) özboluşly aýratynlyklara eýedir: ol alty sany nurbatlaryň kömegi bilen ümsüm işleýär, sagatda 320 km tizlige ýetýär we 200 km çenli aralyga uçup bilýär. Şeýle hem, ol doly ekologiýa taýdan arassa bolup, atmosfera göni zyňyndy goýbermeýär.
Nýu-Ýork dykyz gurluşyk we güýçli howa hereketi sebäpli synaglar üçin kyn meýdança boldy. On gün dowam eden synag maksatnamasy hünärmenlere täze ulagyň dispetçerler we bar bolan dikuçar meýdançalarynyň infrastrukturalary bilen nähili sazlaşýandygyny bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolandyryşy (FAA) tarapyndan sertifikasiýa prosesi garaşylanyndan has köp wagt aldy. Hyzmatyň täjirçilik taýdan işe girizilmegi indi 2026-njy ýylyň ikinji ýarymyna meýilleşdirilýär. Aerotaksiniň hyzmatyndan ilkinji bolup Nýu-Ýork, Tehas we Florida ştatlarynyň ýaşaýjylary peýdalanyp bilerler.
ORIENT
