28-nji aprelde Aşgabatda açylan giň gerimli sergi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasy boldy. Söwda-senagat edarasy işewürlik işjeňliginiň merkezine öwrülip, Hytaý Halk Respublikasynyň 200-den gowrak telekeçilik düzümleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Olaryň arasynda dünýä belli ägirt uly kompaniýalar bilen bir hatarda, geljegi uly bolan türkmen bazarynda öz ornuny berkitmegi meýilleşdirýän täze kompaniýalar hem bar. 29-njy aprelde bu serginiň dowamynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçiriler.

Energiýa we tehnologiýalar: özara gatnaşyklaryň binýady
Sergide ýangyç-energetika pudagynyň kompaniýalarynyň diwarlyklary aýratyn orun eýeleýär. Pudagyň öňdebaryjylary bolan “CNPC”, “Shaanxi Yanchang Petroleum” we “Shaanxi Yulin Energy” ýaly kompaniýalar diňe bir nebit-himiýa ugrundaky adaty çözgütleri däl, eýsem, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda iň täze işläp taýýarlamalaryny hem görkezýärler. Çig mal gorlaryna baha bermek tehnologiýalary we buraw işleri üçin niýetlenen döwrebap enjamlar uly gyzyklanma döretdi. Bu mowzugyň logiki dowamy hökmünde, forumyň degişli bölüminiň işiniň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň wekilleri hytaýly hyzmatdaşlary bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ulag logistikasy we Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek
“Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň we Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň sazlaşykly utgaşmasy giň gerimli ulag taslamalarynda öz beýanyny tapdy. “Sany Heavy Industry”, “SHANTUI” we “Sinotruk’ ýaly Hytaý korporasiýalary Türkmenistanyň awtomobil we demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmakda eýýäm işjeň ulanylýan tehnikalaryny görkezdiler.

Logistika bölüminiň çäginde “Türkmen Logistika”, “Hazar logistik” we “Meno Logistics” kärhanalarynyň hünärmenleri “Kashgar City Southern Bonded” we “Daochen Logistics Group” ýaly hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde, yklymara geçelgeleriň geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaga ukyply täze ýewraziýa ekoulgamyny kemala getirmegiň ýollaryny kesgitlärler.

Sanly geljek we “akylly” şäherler
Serginiň esasy bölümleriniň biri hem emeli aň, telekommunikasiýalar we robototehnika bagyşlanan diwarlyklar boldy. Sanly bazaryň öňdebaryjylary bolan “Nuctech” we “Wuhan FiberHome” ýaly kompaniýalar “akylly” şäherleri döretmek we logistika amallaryna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça öz çözgütlerini hödürlediler.

Emeli aň ylmy-barlag institutynyň (“Shanghai Dtspace” kompaniýasynyň we Çanýan uniwersitetiniň bilelikdäki kärhanasy) işläp taýýarlamalary aýratyn ünsi çekdi. Bu mowzuk boýunça geçiriljek çekişmelere ýurdumyzyň IT-pudagynyň öňdebaryjylary bolan “Türkmen-Tranzit”, “Amatly çözgüt” we “Hebent tehnologiýa” kärhanalary hem gatnaşyp, özara baglanyşykly geljegi döretmek we tutuş ykdysadyýetiň sanly ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar.

Obasenagat we senagat kuwwaty
Obasenagat ulgamy hem möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň iri öndürijileri bolan “Ýigit”, “Miwe”, “Nurly meýdan” kärhanalary forumyň dowamynda “Zhongnong Desheng” we “Lovol” ýaly Hytaý kompaniýalary bilen oba hojalygyna “akylly” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary hasylly tohumlary ulanmak we döwrebap weterinariýa meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan başga-da, sergi dokma senagatyny, gurluşygy we lukmançylygy öz içine alyp, sanjymlaryň hem-de derman serişdeleriniň önümçiligindäki mümkinçilikleri görkezdi. Forumyň maksatnamalaýyn bölegini “Shaanxi Construction Engineering Group” kompaniýasynyň tejribesi bilen Türkmenistanyň “Eziz doganlar keramika” we “Dost gurluşyk” hojalyk jemgyýetleriniň gazanan üstünlikleriniň hem-de meýilnamalarynyň deňeşdirilmegi doldurar.

Türkmen-hytaý işewürler forumy 30-njy aprele çenli dowam eder we Aşgabadyň ýewraziýa giňişliginde döwletara hem-de işewürlik hyzmatdaşlygynyň täze nusgalaryny işläp taýýarlamak üçin esasy meýdança hökmündäki derejesini berkider.
