Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamediden ynanç hatyny kabul etdi. Resmi dabara iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berdi.
Duşuşygyň dowamynda müsürli diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Mejlisiň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri bilen içgin tanyşdyryldy. Taraplar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary sazlaşdyrmak, işewürlik we medeni alyş-çalyş üçin amatly şertleri döretmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň diňe bir syýasy-diplomatik däl, eýsem söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin hem güýçli itergi boljakdygy nygtaldy.
Müsüriň ilçisi özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy we Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň bilelikdäki taslamalar üçin ygtybarly binýatdygyny belledi.
