ORIENTIR | 24-nji aprel. Pars aýlagynyň töweregindäki ýagdaý soňky günlerde inçe we şol bir wagtyň özünde dowully drama görnüşinde ýaýbaňlanýar, bu ýerde resmi taýdan dymyşlyk asla asudaçylygyň gelendigini aňlatmaýar.
Yglan edilen gapma-garşylykly hereketlerdäki arakesme bazarlara ýeňillik getirmedi — gaýta, olary heniz berilmedik indiki yşarata garaşýan ýaly dymmaga mejbur etdi.
Edil şonuň üçin hem anna gününiň söwdalarynyň ahyry we şenbe gününe geçiş ynamnamsyzlyk ýagdaýynda geçdi — maýadarlar adaty strategiýalaryna dolanmaga howlukman, eýsem şu gezekki gapma-garşylygy bes etmekligiň diňe bir salymlyk dynç almak bolup çykmak töwekgelçiligini öz çözgütlerine goşup, garaşmak pozisiýasyny saýlap aldylar. Analitiklariň çaklamalaryna görä, nebitiň nyrhlarynyň hepdelik ösüşi iki belgili sanlara ýetdi, bu bolsa bazaryň ýokary derejedäki binjalygyndan habar berýär.
Bolup geçýän wakalara iň duýgurlygyny nebit bazary görkezdi, sebäbi sebitiň ykbaly dünýä energetikasynyň darajyk, emma örän möhüm geçelgesi bolan Ormuz bogazynyň işlemegi bilen gönüden-göni baglydyr.
Harytlaryň iberilmeginiň hakyky togtadylmagy bolmasa-da, nebitiň bahasyna eýýäm “gorkynyň netijesi” diýilýän zat goşuldy. Munuň sebäbi bolsa, barreliň gymmatlamagy diňe bir gytçylyk zerarly däl-de, eýsem şol gytçylygyň döreme gorkusy sebäpli bolup geçýär. Netijede, nyrhlar ýokary derejelerde saklanyp galýar: Brent barrel üçin 100 dollar töweregi, WTI bolsa 90–95 dollar aralygynda durnuklaşýar we wagtal-wagtal gün içindäki kesgin üýtgeşmelere täsir berýär.
Şu şertlerde ABŞ-daky, Ýewropadaky we Aziýadaky nyrhlar ýokary derejelerde saklanyp galýar, üstesine-de aziýa bazarlary töwekgelçilik çeşmesine ýakynlygy we deňiz ugurlaryna garaşlylygy sebäpli goşmaça töleg töleýärler. Ýönekeý adam üçin bolsa bu çylşyrymly maliýe logikasy gaty ýönekeý görnüşde ýüze çykýar. Ýangyç guýujy bekletlerde ýangyjyň bahasy gorkuly derejede gymmatlanda, galan ähli zatlar — azyk önümlerinden başlap, eltip bermek hyzmatyna, jemgyýetçilik hyzmatlaryna we uçar biletlerine çenli gymmatlaýar.
OPEK+ bileleşiginiň daşyndan dymmagyny tutanýerlilik bilen dowam etdirýändigi bellärliklidir, bu dymmaklyk bir seredişde hereketsizlik, hatda ondan hem erbet — parhsyzlyk bolup görnüp biler. Emma aslynda bu doly ölçerilen strategiýadyr. Bazaryň özi bahalary ýokary iterýän şertlerinde, artykmaç beýanatlar durnuksyzlygy güýçlendirip biler, seresaply garaşmak bolsa eksport edijilere göni goşulmazdan peýda almaga mümkinçilik berýär.
Gurama agza ýurtlaryň wekilleriniň biri resmi däl teswirinde: “Bazaryň özi eýýäm biziň ýerimize işiň bir bölegini bitirýär” diýip belledi, bu bolsa saýlanyp alnan hereket ugruny has-da aýdyňlaşdyrýar.
Emma bu dymmaklyk dartgynlylygy azaltmaýar. Gaýta, ol ýagdaýyň näzik we çaklap bolmajak derejede galýandygy baradaky duýgyny güýçlendirýär, aýratyn-da, deňiz gatnawlarynyň ätiýaçlandyryş tölegleriniň we tankerleriň fraht bahasynyň artmagy munuň şeýledigini görkezýär, olar käbir günlerde onlarça göterim ýokary bökýär.
Dünýä boýunça ýangyjyň bahasynyň arasyndaky tapawut has-da duýulýar. Nýu-Ýork, London, Berlin we Gonkong ýaly şäherlerde benzin nyrhlary iň ýokary derejelerde galýan bolsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda, içerki serişdeler we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi netijesinde bahalar ep-esli pesdir.
Bu aratapawut eýýäm adaty durmuş ýagdaýlaryna sebäp bolýar. Mysal üçin, käbir ýurtlarda ýangyç guýmaga çäklendirmeler girizilýän bolsa, beýleki ýurtlarda adamlar has arzan ýangyç gözläp, serhetleri kesip geçýärler. Şeýlelikde, geosyýasata göni manyda gündelik durmuşyň ugurlaryna täsir edip başlaýar.
Gaz bazarynda hem ýagdaý şeýle çylşyrymly bolup galýar. Iberilmeli möçberleri köp babatda Aýlag ýurtlaryndan gelýän deňiz ýollarynyň durnuklylygyna bagly bolan suwuklandyrylan tebigy gaz, logistik çäklendirmeleriň gysyşy astynda galdy. Suwuklandyrylan tebigy gazyň spot nyrhlary soňky günlerde ortaça 10–20% ýokarlandy, bu bolsa önümi eltip bermekde ýüze çykyp biljek bökdençlikler baradaky aladalary görkezýär.
Soňky günleriň dowamyndaky bahalaryň ýokarlaşmagy örän duýulýan ýagdaý boldy we iň esasy zat — önümleriň bökdençsiz eltilmegine şübheler döredi. Ýewropa bu ýagdaýa aýratyn duýgurlyk bilen reaksiýa berýär. Ýewropaly energetika resmileriniň biri şahsy teswirinde: “Bazar ýene-de yzygiderli erbet habarlara garaşmak düzgüninde ýaşap başlady” diýip belledi, bu bolsa umumy ýagdaýy örän aýdyň beýan edýär.
Serişdeler ugrunda adatça bäsleşýän Aziýa bolsa has-da köp tölemäge mejbur bolýar. Netijede, gaz diňe bir haryt bolmakdan galyp, ol strategik näbelliligiň faktoryna öwrülýär.
Bu näbellilik önümçiligi göni gaz bilen bagly bolan dökün bazaryna hem ýaýraýar. Çig malyň gymmatlamagy “meýdanlaryň witaminleriniň” nyrhlarynyň ýokarlanmagyna eltýär, bu bolsa, öz gezeginde, daýhanlary olary ulanmagy azaltmaga mejbur edýär. Pudaklaýyn hünärmenleriň çaklamagyna görä, hatda gysga wagtlaýyn bökdençlikler hem eýýäm ýakyndaky möwsümlerde hasyllylygyň peselmegine sebäp bolup biler.
Şeýle zynjyrly reaksiýanyň netijeleri şol bada ýüze çykmaýar, emma olar gutulgysyzdyr — hasyllylygyň peselmegi, azyk önümleriniň nyrhlarynyň ýokarlanmagy we dünýäde azyk dartgynlylygynyň güýçlenmegi. Şu nukdaýnazardan, Pars aýlagyndaky krizis energetikanyň çäklerinden has daşyna çykýar we ählumumy azyk howpsuzlygynyň düýp esaslaryna täsir edip başlaýar.
Şol bir wagtyň özünde, ýurtlar we kompaniýalar mümkin bolan howply zolaklardan sowa geçip, haryt eltmegiň alternatiw ýollaryny gözlemäge mejbur bolýarlar. Bu logistiki zynjyrlary uzaldýar, çykdajylary artdyrýar we ýene-de harytlaryň iň soňky bahasyna täsir edýär. Hatda halkara söwdadan daşda bolan adamlar hem munuň täsirini adaty zatlaryň — şou-biznes ýyldyzynyň konsert biledinden başlap, gündelik iýmit önümlerine çenli nyrhlarynyň ýokarlanmagy arkaly duýýarlar.
Gämileriň gatnawyna gözegçiligiň güýçlendirilmegi hem goşmaça basyş faktoryna öwrülýär — aýry-aýry ýüklere gözegçilik etmek we olaryň geçişini çäklendirmek boýunça çärelere yzygiderli gaýtadan seredilýär hem-de ara alnyp maslahatlaşylýar. Bilermenleriň arasynda muňa eýýäm “logistikanyň syýasylaşdyrylmagy” diýilýär, sebäbi islendik ýük basyş obýektine öwrülip bilýär.
Umumy durnuksyzlygyň şertlerinde maýadarlar adatça gorag aktiwlerine ýüz tutýarlar, munuň netijesinde altyn ýene-de uly üns merkezinde bolýar. Onuň bahasy soňky aýlaryň iň ýokary görkezijilerine ýakynlaşyp, ýokary derejelerde saklanýar, bu bolsa maýadarlaryň töwekgelçilikden gaçmaga bolan ymtylyşyny görkezýär. Altynyň bahasynyň ýokarlaşmagy diňe bir metalyň gytçylygyny däl-de, eýsem ynamyň — bazarlara, walýutalara we umuman geljege bolan ynamyň gytçylygyny beýan edýär.
Şu nukdaýnazardan, hasaplaşyklarda hytaý ýuanyna geçmek mümkinçiligi baradaky çekişmeler ABŞ dollarynyň agdyklyk ediji ornunyň kem-kemden gowşamagynyň umumy meýliniň bir bölegi hökmünde kabul edilýär. Emma bilermenleriň köpüsi munuň uzak möhletli prosesdigini nygtaýarlar.
Gönükdirilen gazna bazarlary dürli görnüşli depgini görkezýär: energetika kompaniýalary we energetika serişdelerine baý ýurtlar bahalaryň ýokarlaşmagyndan peýda görýärler, emma ulag, senagat we logistika pudaklary ep-esli zyýan çekýärler. Bu ýagdaý eýýäm birnäçe iri kompaniýalaryň maýasynyň peselmegine alyp geldi we maýadarlaryň seresaplylygyny artdyrdy, bu bolsa işewürligiň has çylşyrymly döwre taýýarlanmalydygy baradaky yşarata öwrüldi.
Bularyň ählisi dünýä liderleriniň seresaply çykyşlary bilen utgaşýar. Ýewropa ýurtlarynyň wekilleri «mundan beýläkki dartgynlylygyň öňüni almagyň» zerurdygyny nygtaýarlar, emma şol bir wagtyň özünde, güýçler deňagramlylygy üýtgetmäge ukyply ýiti ädimlerden saklanýarlar. Şol bir wagtda bolsa, Ýakyn Gündogaryň oýunçylary milli bähbitlerini goramaga ünsi gönükdirýärler.
Bilermenler bileleşigi ýakyn geljegiň durnuksyzlyk bilen belleniljekdigi, bazarlaryň uýgunlaşmagynyň bolsa, eger-de amala aşsa, eýýäm täze, has ýokary bahalaryň derejesinde boljakdygy baradaky pikire gelýärler.
Netijede, bu köp gatlakly suratyň ählisi ýönekeý we düşnükli ölçegde — biziň planetamyzyň islendik nokadyndaky adaty adamyň durmuşynda jemlenýär. Ol nebitiň nyrhlaryna gözegçilik etmezligi ýa-da geosyýasy beýanatlary seljermezligi mümkin, ýöne ol bütin dünýäde benziniň gymmatlaýşyny, dükanlardaky bahalaryň ýokarlanşyny we çykdajylary meýilleşdirmegiň nähili kynlaşýandygyny görýär.
Edil şu ýerde, gündelik durmuşyň derejesinde, bolup geçýän wakalaryň hakyky manysy ýüze çykýar — uzakdaky konflikt ýakyn hakykylyga öwrülýär, Pars aýlagyndaky wakalar bolsa ýüzlerçe million adamyň şahsy tejribesiniň bir bölegine öwrülip, bütin dünýäde çykdajylaryň artmagyna we durmuş taýdan goraglylyk duýgusynyň peselmegine täsir edýär.
Elbetde, şu gün düşünilmeli iň esasy zat — geosyýasat indi bir ýerlerde, uzaklarda däl-de, eýýäm dükanyň çeginde, ýoluň kireýinde we ertirki gün baradaky dowully pikirlerde ýaşaýar.
Şeýlelik-de her bir ynsan we umumylykda bütin adamzat biziň bu kiçijik planetamyzda, aslynda, paýlaşmaly zadymyzyň ýokdugyna düşünýänçä, ýagdaý şeýle bolup galar.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
