Sebitdäki durnuksyzlyk sebäpli howa gatnawlarynyň togtadylmagyndan 50 günden gowrak wagt geçenden soň, Tährandaky Ymam Homeýni adyndaky halkara howa menzili täjirçilik uçuşlaryny kabul edip we ugradyşyny täzeden başlady. Bu waka dowam edýän gowşak ýaraşygyň şertlerinde adaty durmuşyň dikeldilmeginiň ilkinji alamatlarynyň biri boldy.
Eýranyň Raýat awiasiýasy guramasy ýörite dört tapgyrly strategiýany taýýarlady. Onuň maksady — ýokary howpsuzlyk derejesini saklamak bilen howa gatnawlaryny doly dikeltmekdir. Häkimiýet edaralary bu prosesiň tapgyrlaýyn boljakdygyny belleýärler: uçuşlaryň geografiýasynyň giňeldilmegi göni geosyýasy ýagdaýyň durnuklylygyna baglydyr.
Flightradar24 hyzmatynyň maglumatlaryna görä, ilkinji täzeden ýola goýlan ugurlar esasy sebit merkezlerine gönükdirildi: şenbe güni irden Tährandan Stambula üç uçuş amala aşyryldy, şeýle hem Maskata we Medinä ilkinji uçuşlar resmi taýdan tassyklandy.
Bu ugurlaryň täzeden açylmagy Eýran bilen goňşy ýurtlaryň arasynda ulag aragatnaşyklarynyň dikeldilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilkinji uçuşlar infrastrukturyň artýan ýolagçy akymyna taýýarlygyny bahalandyrmak üçin üns bilen gözegçilik astynda alnyp barylýar.
ORIENT
