Hytaýyň Eksport-import banky (China EximBank) şu ýylyň birinji çärýeginde ýurduň daşary söwda pudagyna 300 milliard ýuan (takmynan 43,88 milliard ABŞ dollary) möçberinde karz berendigini habar berdi. Serişdeler emeli aň, ekologiýa taýdan arassa elektrik enjamlary, daşary söwda işewürliginiň täze modelleri we beýleki ugurdaş pudaklara gönükdirildi.
Täze berlen karzlaryň umumy möçberiniň 40 göterimi daşary söwda kärhanalaryny we esasy önümçilik zynjyrlaryny durnuklaşdyrmaga, 35 göterimi bolsa göni import-eksport işlerini goldamaga sarp edildi.
Bank emeli aň we ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy ulgamyndaky önümleriň eksportyny maliýeleşdirmäge, şeýle hem serhetüsti elektron söwda we daşary ýurtlardaky ambarlar ýaly daşary söwda işewürliginiň täze modelleriniň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berdi.
China EximBank — bu Hytaýyň daşary söwdasyny, maýa goýumlaryny we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny goldamak üçin döredilen döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän döwlet bankydyr.