Öý üçin niýetlenen innowasion harytlar, köpugurlylygy we medeni dizaýny bilen tapawutlanyp, Hytaýyň Guandun welaýatynyň Guançžou şäherinde geçirilýän 139-njy Hytaý import we eksport ýarmarkasynda (Kanton ýarmarkasynda) gatnaşyjylaryň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek etdi.
Çäräniň «Ýokary hilli öý durmuşy» şygary bilen 23–27-nji aprel aralygynda geçirilýän ikinji tapgyryndaky gurluşyk we mebel önümleri sergisinde, elektrik arkaly zarýad alandan soň diňe diwarlary bezemek üçin däl, eýsem ekran hökmünde hem ulanyp bolýan gurluşyk materialy aýratyn üns merkezinde boldy.
“Bu bize gurluşyk materialymyzy has akylly we çeýe etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu önüm eýýäm Ýewropa we Amerikanyň bazarlarynda satuwa çykaryldy we ol ýerde oňyn bahalar aldy,” — diýip, bu materialy işläp taýýarlan Phomi Holding kompaniýasynyň halkara biznes boýunça baş müdiri Fen Lýançen aýtdy.
Köp sanly gatnaşyjylar gadymy hytaý estetikasyny häzirki zaman senagat dizaýny bilen utgaşdyrýan öý harytlaryny hem hödürlediler. Mysal üçin, Dunhuanyň gadymy medeniýetinden ylham alnan, waza görnüşindäki köpugurly gap-gaç toplumy görkezildi.
“Bu örän täsirli. Bu täze we örän gyzykly, käbir taraplardan innowasion, şol bir wagtyň özünde bolsa Hytaýyň taryhy dowamynda bu önümleriň medeni ähmiýetine laýyk gelýär. Meni iň köp haýran galdyrýan zat hem şu,” — diýip, italiýaly alyjy Edoardo Orlandini aýtdy.
Çäräniň dowamynda täzelenen söwda hyzmatlary zolagy hem hödürlendi. Bu ýerde 86 sany ýerli dizaýn edarasy daşary ýurtly alyjylara we gatnaşyjylara hyzmat edýär. Olar diňe senagat dizaýny, interýer dizaýny we brending boýunça maslahat bermek bilen çäklenmän, eýsem egin-eşik dizaýny, emeli aň bilen baglanyşykly dizaýn we maddy däl medeni miras dizaýny ýaly täze hyzmatlary hem hödürleýärler. Maksat — dizaýnerler bilen öndürijileriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin platforma döretmek.
15-nji aprelde açylan 139-njy Kanton ýarmarkasy üç tapgyrdan ybaratdyr. 19-njy aprelde tamamlanan birinji tapgyr «öňdebaryjy önümçilik» temasyna bagyşlandy, 1–5-nji maý aralygynda geçiriljek üçünji tapgyr bolsa «Has gowy durmuş» temasyna bagyşlanar.