Soňky resmi maglumatlara görä, Hytaýyň gündogaryndaky «dünýäniň supermarketi» hökmünde tanalýan Iu şäherinde daşary söwdanyň gerimi şu ýylyň birinji çärýeginde rekord derejä — 209,37 milliard ýuana (takmynan 30,7 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi.
Iu gümrükhanasynyň statistikasyuna görä, 200 milliard ýuanlyk sepgit geçen ýylky bilen deňeşdirilende bir aý öň geçildi. Ýyllyk ösüş depgini 25 göterim bolup, bu ýurduň umumy import we eksport ösüş depgininden 10 göterim ýokarydyr.
Hususan-da, birinji çärýekde eksport 178,61 milliard ýuana ýetdi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,3 göterim artdy. Import bolsa ýyllyk hasapda 52,2 göterim ösüp, 30,76 milliard ýuana ýetdi.
Iu şäheri ilkinji üç aýyň dowamynda dünýäniň 220-den gowrak ýurdy we sebiti bilen söwda gatnaşyklaryny alyp bardy. Belläp geçmeli zat, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasyna (ASEAN) agza ýurtlar bilen söwdanyň gerimi 68,3 göterim artdy, bu bolsa ony Iu üçin iň çalt ösýän esasy söwda bazaryna öwürdi.
Şol bir döwürde «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyna gatnaşýan ýurtlar bilen söwda gatnaşyklary 29,8 göterim ösüp, 147,4 milliard ýuana ýetdi we Iu şäheriniň umumy import-eksportynyň 70 göteriminden gowragyny emele getirdi.
Afrika ýurtlary bilen söwda gatnaşyklary bolsa 41 milliard ýuan bolup, 47,3 göterimlik uly ösüşi görkezdi.